Tennis oýnaýan robot

“Google” kompaniýasy stol tennisini oýnap bilýän roboty tanyşdyrdy.Inženerler robotyň entek “öwrenjedigini” belleýärler.Enjamy işläp taýýarlan “Google DeepMind” kompaniýasynyň inženerleri bäsdeşlik oýunlaryna adatça çekeleşikli ýagdaýyň mahsusdygyny belläp, çylşyrymly hereketi, çalt göz-el utgaşyklygyny we bäsdeşiň ejiz tarapyny synlamagy öz içine alýandygyny aýdýarlar.

Bu ýagdaýyň stol tennisini, robotlaryň häzirki derejede ýokary derejä ýeten küşt ýaly strategiýa oýnundan tapawutlandyrýandygyny belleýär.Inženerler bu robotyň tennis oýnaýan ilkinji robotdygyny aýdýarlar.Robot dürli ussatlyk derejesinde tennis oýnap bilýän 29 adam bilen ýaryşypdyr.

Geçirilen duşuşyklar “YouTube” arkaly tomaşaçylara ýetirildi.Robot tennis oýnap bilýän hem bolsa, tennis topunyň ilkinji urgusyny ýerine ýetirip bilmeýär. Ýagny diňe özüne atylan topa jogap urgusyny gaýtaryp bilýär.

Robot tennis oýnamaga täze başlan adamlaryň ählisini utan hem bolsa, ökde oýunçylardan asgyn geldi.Orta derejeli ussatlygy bolan tennisçileriň bolsa, 55 göterimini utmagy başardy.

Robotyň ähli bäsdeşleri robot bilen tennis oýnamagyň örän gyzyklydygyny belleýärler. Ussat tennisçiler bu robotyň türgenleşikler üçin peýdaly bolup biljekdigini aýtdylar. Robotyň tennis oýnadygyça ökdeleşendigi bellenilýär.

Taslama goldaw beren professional tennis türgeni Barni J. Rid robotyň dürli ussatlyk derejesi bolan adamlar bilen tennis oýnaýandygyny görmegiň örän ajaýypdygyny aýdyp, ilkibaşda robotyň orta derejede tennisçi bolmagyna garaşandyklaryny aýdýar. Onuň sözlerine görä, robot inženerleriň bu tamasyny garaşylmadyk ýagdaýda ödäpdir. Rid robotyň garaşyşyndan ýokary netije görkezendigini aýdýar.

Ýene degişli makalalar

AMECA roboty 10-dan gowrak duýgyny aňladyp bilýär
Robot Rubigiň kubigini ýygnamakda täze rekord goýdy
Abu-Dabide ýangyç guýujy robot peýda boldy
Ýaponiýada iýmit eltip berme hyzmatyny edýän robot işläp başlar
Şweýsar alymlary iýdiji robot döretdiler
Ilkinji adamsypat uçarman robot