Tennis boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty tamamlandy

Tennis boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty tamamlandy

Düýn baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda Türkmenistanyň açyk çempionatynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi. Ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Tennis federasiýasynyň bilelikde guramagynda hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hemaýatkärlik etmeginde 23 — 27-nji noýabr aralygynda dowam eden ýaryş gyzykly hem çekeleşikli geçdi ― diýip, Türkmenistan gazeti habar berýär.

Erkekleriň arasynda ýekeleýin görnüşde geçen ýaryşyň netijesine laýyklykda, Aşgabat şäherindäki Olimp tennis klubynyň tälimçisi Ýuriý Rogusskiý birinji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy Atlymyrat Gurbanow ikinji we şol ýokary okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Meýlis Orazmuhammedow üçünji orna mynasyp boldular.

Gyzlaryň arasynda ýekelikde geçen ýaryşlardaky baýrakly birinji we ikinji orunlary, degişlilikde, paýtagtymyzdaky 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Bahar Toýmyradowa we 53-nji orta mekdebiň okuwçysy Anastasiýa Azimbaýewa, üçünji orny bolsa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Arzuw Klyçewa eýelediler.

Jübütleýin geçirilen ýaryşlarda oglanlaryň arasynda Ýuriý Rogusskiý bilen Aşgabat şäheriniň 11-nji sport mekdebiniň tälimçisi Gurbanberdi Gurbanberdiýew birinji, Tennis federasiýasynyň baş kätibi Eziz Döwletow bilen Atlymyrat Gurbanow ikinji, Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiň okuwçysy Allanur Daýanjow bilen şol şäheriň 5-nji orta mekdebiniň okuwçysy Serdar Wepamyradow bolsa üçünji orna mynasyp boldular.

Gyzlaryň arasynda geçirilen jübütleýin ýaryşyň netijesine görä, Anastasiýa Azimbaýewa bilen Bahar Toýmyradowa birinji, paýtagtymyzdaky 50-nji orta mekdebiň okuwçysy Aişa Bikbulatowa bilen 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Rožan Karajaýewa ikinji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Maral Ahmedowa bilen şol institutyň 4-nji ýyl talyby Arzuw Klyçewa üçünji orunda çempionaty tamamladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Billi Jin King kubogyna gatnaşýar
Türkmenistanly zenan tennisçiler Billi Jin King kubogyndaky ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda