Tencent bilen Alibaba kapitallaşdyrmasy boýunça iň uly kompaniýalaryň onlugyndan çykdy

Tencent bilen Alibaba kapitallaşdyrmasy boýunça iň uly kompaniýalaryň onlugyndan çykdy

Tencent Holdings we Alibaba Group Holding bazar kapitallaşdyrmasy boýunça dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň onlugyndan çykdy. Şondan soň sanawda hytaý kompaniýalary galmady. Bu barada “Nikkei Asia” habar berýär diýip, quote.rbc.ru belleýär.

Dünýäniň iň gymmat Aziýa kompaniýasy Taiwan Semiconductor Manufacturing bolmagynda galýar (onunjy orun).Amerikan tehnologiýa ägirtleri Apple, Microsoft we Alphabet ilkinji üç orny eýeleýär.Dördünji orunda Saudi Aramco ýerleşýär, onuň yzyndan Amazon, Tesla, Meta Platforms, NVIDIA, Berkshire Hathaway gelýär. 2020-nji ýylyň ahyrynda Tencent bu sanawda ýedinji orunda, Alibaba bolsa dokuzynjy orunda ýerleşýärdi. Ýöne hytaý häkimiýetleriniň ýurduň tehnologik kompaniýalarynyň köpüsine edýän basyşy olaryň biržada bahalarynyň pese gaçmagyna getirdi. Ýagny, Alibaba ýylyň başyndan bäri özüniň bazar kapitallaşdyrmasynyň ýarysyna golaýyny, Tencent bolsa 22,9%-ini ýitirdi.

Ýene degişli makalalar

Apple iň innowasion kompaniýalaryň sanawynyň öňüni çekýär
Türkmen kibersportçylary PUBG Mobile, eFootball 24 hem-de Tekken 7 boýunça çempionlyk üçin bäsleşerler
16 ýaşynda dünýä çempiony boldy
Iň köp girdeji getirýän applikasiýalar
Dünýäniň has ösen innowasion banklary
Tramp Hytaýyň 8 sany ykjam töleg programmasyny gadagan etdi