Häzirki wagtda telekommunikasiýa pudagy energiýanyň 3%-ini emele getirýär.Dünýädäki aragatnaşyk operatorlary eýýäm “ýaşyl” energiýa doly geçmäge taýýarlanýarlar.Germaniýanyň “Deutsche telekom” kompaniýasy 2040-njy ýyla çenli sarp edýän energiýasynyň 100 göterimini ýaşyl çeşmelerden almagy meýilleşdirýär. “Vodafone” bolsa şeýle maksady 2025-nji ýyla çenli geçmegi göz öňünde tutýar.
Internet aragatnaşygynyň 5-nji nesliniň energiýany tygşytlamagyny has-da artdyrjakdygy bellenilýär. “Nokia” we “Telefonica” kompaniýalarynyň hünärmenleri 5G torlarynyň energiýany häzirki bar bolan 4G gurluşlaryndan 90% tygşytlajakdygyny belleýär.Häzirki wagtda ähli ýurtda ýaýramadyk hem bolsa, dünýäniň iri şäherlerinden internet aragatnaşygynyň 5-nji neslinden peýdalanylar.
“Green 5G” hasabatyna görä, 2020-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli dünýäde energiýanyň sarp edilişiniň 160 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu bolsa, torlaryň has awtomatlaşdyrylan we “akylly” bolmagy sebäpli energiýanyň sarp edilişiniň azyndan bir böleginiň öwezini dolar. Eýýäm munuň üçin täze tehnologiýalar durmuşa geçirilip başlandy.
Tygşytlylyk sarp ediş enjamlaryna hem degişlidir. Geçen ýyl aragatnaşyk operatorlaryň käbiri jübi telefonlaryny öndürmegiň, ulanmagyň, götermegiň we ýok etmegiň täsirine ünsi jemleýän daşky gurşaw reýting ulgamyny işe girizipdiler.
Jennet Annamuhammedowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby