Telekeçiler 'ýaşuly' biznesinden zeýrenýär; mätäçlik adamlary 'agyr synaga' salýar

Telekeçiler 'ýaşuly' biznesinden zeýrenýär; mätäçlik adamlary 'agyr synaga' salýar

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty ýurduň telekeçilik ulgamynyň öndüriji güýje öwrülendigini we telekeçiler üçin döredilýän şertleriň täze, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen önümçilikleriň sanynyň artmagyna getirendigini habar berýär. Emma synçylar ýurtda 'arkasyz' ýa-da ýokary wezipeli hossarlary işinden boşadylan telekeçileriň açan iş ýerleriniň yzygiderli ýapylmagynyň her dürli töwekgelçilige baş urýan raýatlaryň sanyny 'köpelýändigini' aýdýarlar.

"Türkmenistan: Altyn asyr" web sahypasynda 12-njy fewralda çap edilen makalada aýdylmagyna görä, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäherinde 2024-nji ýylda işe girizilen kärhanada öndürilýän taýýar önümler, ýagny gaplama baglary Türkiýe, Gruziýa, Özbegistan ýaly döwletlere eksport edilýär. Emma habarda kärhananyň maliýe ýagdaýlary, işçileriň gazanjy, iş ýerlerindäki şertler barada hiç bir zat aýdylmaýar.

Azatlygyň Mary sebitindäki habarçysynyň berýän maglumatlaryna görä, döwlet eýeçiligindäki metbugatda taryplanýan şertler’ hakykatda ýok ýa-da diňe örän arkaly’ diýilýän telekeçiler üçin döredilýär.

“Serdar [Berdimuhamedow] wezipä geleli bäri telekeçileriň ýagdaýlary öňkülerine görä kynlaşdy, önüm öndürýän kärhanalaryň käbiri häzirki günde uly zyýan çekýär, kärhanasyny elden giderýän ýa-da çykaryp, deger-degmezine satmaly bolýan telekeçiler hem az däl” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşme aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, Mary sebitinde konditer, süýji-köke, şerbet suwlary we piwo önümçiligi bilen meşgullanýan telekeçiler, şifer, tualet kagyzy, boýag, reňk öndürýän telekeçiler, sement, plastika önümlerini öndürýän kärhanalaryň eýeleri her dürli bikanun çäkländirmelere sezewar edilýär.

Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe telekeçiniň aýtmagyna görä, işini gowy ýola goýan kärhanalaryň käbiri, ýokardan buýruk esasynda diýilip, merkezden gelen adamlara 2-3 ýyllyk dolandyryşa berilýär.

“Başga adama berilýän kärhanalar telekeçileriň adyndan çykarylmaýar, emma ulanmak üçin alnan kärhanalaryň ähli iş şertleri ýaşulularyň’ göwün isleglerine görä üýtgedilýär. Olar göwünlerine ýakmadyk islendik işgäri işden çykaryp, iş orunlarynyň sanyny hem kemeldip bilýärler” diýip, anonimlik şertinde gürleşen telekeçi aýtdy.

Kärhanalary wagtlaýyn ellerinden alnan telekeçileriň aýtmaklaryna görä, ýaşulular’ diýilýänler gelip, onlarça ýyl azap edip ýola goýan önümçiliklerinde bile işleşmek teklibini’ edende, olar ýok’ diýip bilmeýärler.

“Arkasy güýçli adamlaryň teklibi bilen razylaşmasaň, bir sebäp tapyp, türmä basyp ýa-da, kärhanaňy batyryp, gaýdyp işlemez ýaly edip bilerler, her kim gorkýar” diýip, telekeçi aýtdy.

Kärhanasy wagtlaýyn, ulanmaga alnan bir telekeçiniň sözlerine görä, ilki başda oňa girdejiniň belli bir böleginiň beriljekdigi aýdylypdyr.

“Men şonda bu ýerde gowulyk ýokdugyna düşinip, kärhanamy satyn alaýyň diýdim. Ýok, biz bärde 2 ýyl işlejek, soň işiöizi yzyna berjek. Häzirlikçe siz başga iş bilen meşgullanyň, biziň aýagymyza çoloşmaň’ diýdiler. Gelenler nohurly ýaş oglanlardy, men başga çäre bolmansoň, alaçsyz razylaşmaly boldum” diýip, häzir kärhanasy yzyna berlen telekeçi gürrüň berdi.

“Kärhanamy yzyna gaýtaryp berdiler. Yzyna berdiler’ diýmegim ýalňyş, ony alanlarynda adymdan aýyrmadylar, şertnama hem baglaşmadylar. Şeýle gelip, sen gyra çekil, 1-2 ýyl men dolandyrjak’ diýip aldylar."

Ol indi döwletiň salgyt işgärleriniň özlerini bergili çykarandygyny hem sözüne goşdy.

"Olar Siz 2-3 ýyl salgyt tölemediňiz’ diýip, döwlete bermeli bergilerimizi hasaplap getirdiler. Biz ol nähili bolýar, näme üçin 2-3 ýyllap gapyda görünmediňiz, häzir birden peýda bolduňyz?’ diýsek, öň ýaşulular dolandyrdy, olaryň bar ýerinde biz ýok, emma bu kärhana siziň adyňyzda dur, bizdenem talap edilýär’ diýdiler.

"Gaz edarasy, tok edarasy hem ýyllap töleg edilmedi’ diýip, döwlete uly mukdarda pul geçirmegi talap edýärler” diýip, maryly telekeçi Aztlygyň habarçysyna öz düşen kyn ýagdaýyny gürrüň berdi.

Kärhanasy yzyna tabşyrylan telekeçiler olaryň halynyň gözgyny bolandygyny’ aýtdylar.

“...tabşyryldy diýýäris, dogrusy tabşyrylmady, diňe biz özümize gerekli işi etdik, indi gidip barýarys, özüňiz seredeweriň’ diýip, taşlap gitdiler” diýip, Azatlygyň beýleki bir söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, olar işgärlere hem aýlyk hakyny bermändirler, yhlas bilen işleýän işçileri gaçyrypdyrlar.

“Indi men kärhanamy satyp, döwlete salgyt, gaz, tok, suw töleglerini etmesem, başga alajym ýok” diýip, telekeçi kyn ýagdaýa düşen adamlaryň arzynyň diňlenmeýändigini, şikaýat edip, barar ýaly gapy galmandygyny’, şu sebäpden hiç kimiň sesini çykaryp bilmeýändigini gürrüň berdi.

Awstriýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamow telekeçileriň işi ugrugan biznesleriniň bikanun elinden alynmagynyň Türkmenistanda öňem az bolmandygyny, ýöne soňky, 'ýaşulular biznesi" diýilýäniň edilen jenaýatyň yzyny gömmek, soň birden derňelse, kagyz, dokument subutnamasyny galdyrmazlyk üçin tapylan usuldygyny aýtdy.

Şu aralykda “Turkmen.News” neşiriniň habar bermegine görä, Daşoguzda täzelikde wezipä bellenen salgyt emeldarlarynyň ýerli kärhanalarda maliýe barlaglaryny geçirip, işsizligiň iň bir köp sebitinde bikanun gazanç etmegiň nusgasyny görkezýärler.

Işsizligiň itekleýän töwekgelçilikleri

Synçylar ýurtda başyna goýberlen korrupsiýanyň iş orunlarynyň köpelmegine däl, barha azalmagyna sebäp bolýandygyny, bu ýagdaýyň raýatlaryň islendik daşary ýurda, şol sanda Russiýa, Ukraina hem gidip, iş gözlemegine sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Emma Azatlyk, ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, korrupsiýanyň ýaýrawyny we onuň işsizligiň derejesine ýetirýän täsirlerini anyklap bilmeýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Türkiýede, Russiýada we beýleki ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda işleýän raýatlarynyň sany barada dürli maglumatlar bar. Aýdylmagyna görä, işsizlik we Aşgabadyň döredýän beýleki emeli kynçylyklary, hususan-da pasport meselesi, türkmenistanlylaryň yzyna gelmän, rus goşunlarynyň hatarynda Ukrainadaky urşa gatnaşyp, rus raýatlygyny aljak bolmagyna hem sebäp bolýar.

Ikinji tarapdan, türkmen migrantlarynyň, rus goşunlarynyň bu ýurda edýän raketa, dron hüjümlerine garamazdan, Ukraina hem iş gözläp barýandygy aýdylýar.

“Fewral aýynda Türkmenistandan 80 migrant Herson sebitinde uýgunlaşma kursuny tamamlady” diýip, ABN24 neşiri 10-njy fewralda sebit administrasiýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Bu çäre, “Migrant işçileriň uýgunlaşmagyna kömek” maksatnamasynyň çäginde, daşary ýurt raýatlaryna kömek bermek üçin görülýär diýip, habarda bellenýär.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjylaryň sözlerine görä, Russiýa gidýänleriň arasynda her hili ýagdaýdaky adamlar bar: käbiri öz ýurdunda eklenip bilmän, her hili kemsitmeleri başdan geçiren, türmede oturan, özlerini içgä aldyran adamlar bolsa, beýlekileri öýünde agyr syrkawy bolup, derman alyp bilmeýän, öýlenip, ene-atasynyň öýünden göçmeli bolan adamlar...

“Men, dogrymy aýtsam 'meslikden, uly jaý gurjak, gymmat awtoulag münjek' diýip, Russiýa gidýäni bilemok. 'Maşgalamyň azygyna, derman-därisine pul ýetirnip bilsem, inimi öýersem, bir otaglyja jaý alsam ýa-da gursam' diýip gidýänleri bilýän.

Biziň ýurdumyzda bular köp adama başardanok.Russiýa iş gözläp gidip, başga çykalga tapman, yzlaryna, Türkmenistana dolanmajak bolup, ol ýerde urşa gatnaşmagy saýlaýan raýatlarymyz hem köpelýär“ diýip, maryly ýaşaýjy Azatlyga aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, golaýda bir rus resmisi sosial ulgamda 2024-nji ýylyň başynda Türkmenistandan Pskowa maşgalasy bilen göçüp gelen we rus goşunlarynyň hatarynda Ukrainadaky urşa gatnaşyp, söweşde ýaralanyp, döwlet sylagyna hödürlenen we rus raýatlygyna mynasyp bolan Baýgeldi Nurmyradow hakyndaky maglumaty paýlaşdy. Rus resmisi öz ýurdundan göçüp gelip, başga bir ýurduň urşunda söweşýän türkmeni 'hakyky gahryman' diýip häsiýetlendirýär.

Sosial ulgamlarda mundan öňem daşary ýurtdaky söweş hereketlerine gatnaşan, ýöne söweşde wepat bolan bir türkmen hakynda şeýle sözler aýdylypdy.

Sözsoňy ýerine aýtsak, şu makala taýýarlanýan wagtynda garaşsyz neşirleriň birinde hukuk goraýjy edaralaryň käbir emeldarlarynyň başga adamlaryň adyna ýer alyp, öz wezipesinden peýdalanyp, 'ýaşuly telekeçiligini' edýändigi öňe sürüldi. Emma türkmen häkimiýetleri bu hili habarlara açyk reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gyzynyň şübheli ölümi boýunça adalat gözleýän enäniň media çykyşlary polisiýa işjeňligini artdyrdy
Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Global parlament migrasiýa konferensiýasyna wideo ýüzlenme ugratdy
Günorta Koreýada bir aýda doglan çagalaryň sany boýunça täze antirekord hasaba alyndy
Aşgabatda içerki migrantlar ýene tussag edilýär, jerime salynýar we paýtagtdan kowulýar