Telekeçiler işden çekilýärler, bazar gymmatlaýar

Telekeçiler işden çekilýärler, bazar gymmatlaýar

Aşgabadyň bazarlarynda söwda edýän telekeçileriň barha azalýandygyny görse bolýar.

Döwlet tarapyndan dollaryň satuwnyň ýatyrylmagy, gara bazarda dollaryň bahasynyň ýokarlanmagy bilen bazarlardaky azyk we senagat harytlarnyň bahalarynyň hem aşa ýokarlanandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Türkmenistanyň özünde öndürilýän gök we bakja önümleriniň, miweleriň häzirki wagtda ýetişip, iň bir bolan döwri bolsa-da, olaryň bahalarynyň aşaklamaýanlygy sebäpli, ilatyň olary isledigiçe satyn alyp bilmeýändigini, aşgabatly ýaşaýjy, 5 çaganyň ejesi Gülüstan aýdýar.

Aşgabadyň esasy merkezi bazary bolan Gülüstan söwda merkezinde bulgar burçunyň bir kilosynyň bahasy 4 manat, pomidor 5 manat, hyýar 4 manat, kartoşga 4 manat, garpyzyň kilosy 80 teňňe, kyrkgünlük gawunlaryň kilosy 2 manat, çereşnýa 25 manat, smorodina 22 manat, şetdaly 12 manat, klubnika 10 manat, erik-alma 6 manatdan.

Şol bir wagtda, süýt önümleriniň hem bahalarynyň ýokarlanýandygyny görse bolýar. Süzmäniň bir kilosy 10-12 manat bolsa, tworogyň bir kilosy 14 manat. “Beýle bahalar bolsa köp çagaly maşgalalara bol-elin iýip-içmek üçin elýeterli däl” diýip, Gülüstan aýdýar.

Döwlet tarapyndan mal etlerine gözegçilik edilip, goýun hem sygyr etlerini 17 manat 80 teňňeden ýokary satmaly däldigi barada görkezme berilýär. Emma etiň bir kilosyny 20 manatdan bäri alyp bolmaýandygyny hem ýaşaýjylar aýdýarlar.

Döwlet dükanlarynda bir kilosynyň bahasy 3 manatdan, 4 manat 40 teňňä çenli ýokarlandyrlan şekeri hem her ele diňe 1 kilogramdan satylýandygyny , şeýle bahalar sebäpli gyş üçin gök önümleri konserwirlemäge, mürepbe ýaly maşgala zerur önümleri taýýarlamaga gurbunyň çatmaýandygyny öý bikelerinden eşitse bolýar.

Türkmenistanda soňky aýlar aýlyklaryň wagtynda berilmän saklanmagy, bahalaryň ýokarlanmagy bilen, bazarlarda alyjylaryň azalýandygyny hem görse bolýar. Söwdanyň peselmegi sebäpli, paýtagtyň Gülüstan söwda merkezinde onlarça söwda nokatlary boş bolmagynda galýar.

Gök önümleri oba ýerlerinde ýetişdiren daýhanlardan lomaý görnüşinde satyn alyp, şäheriň içindäki bazarlarda oturyp satýandyklaryny ownuk söwda bilen meşgul bolýan telekeçi Bibi aýdýar.

“ Gije ukudan galyp, lomaý bazarda oba ýerlerinden daýhanlaryň getirýän gök we bakja önümlerini satyn alýarys. Uzakly güni hem Aşgabadyň bazarlarynda oturyp, öz satyn alan önümlerimizi alyja satýarys.

Emma alyjynyň azalmagy bilen biziň lomaý satyn alýan gök önümlerimiziň ýarpysy diýen ýaly zaýa bolýar. Şu günki alan gök önümiň ertä galsa, ony alyja hödür edip bolmaýar. Alyjy täzeje önüm gözleýär. Onsoň satylman galan harydyňy zir-zibile oklamakdan başga alajyň ýok.

Her gün zelel çekip, söwdany dowam etdirip bolmaýar. Şol sebäpli öz telekeçilik işlerimizi togtatmaly bolýarys. Bu bolsa maşgala eklenjimizi juda kynlaşdyrdy” diýip, telekeçi Oguldursun hem döwlet tarapyndan halk üçin aladanyň gün-günden ünsden düşürilýändigini nygtaýar.

“Bazar bahalarynyň ýokarlanýandygyndan, bazarlarda söwda nokatlarynyň boş duranlygyndan degişli ýolbaşçylaryň habarsyz galmaýandygyny bilýäris. Ýöne ilatyň sarp ediş korzinasyny öwrenip, aýlyklary, pensiýalary, kömek pullaryny geregiçe ýokarlandyrmaga derek, ozal bar bolan sosial ýeňillikleri hem ýatyrmak barada gürrüň edilýär. “Döwletiň adam üçin aladasy” ýatdan çykana meňzeýär” diýip, ýaşaýjylar nägileliklerini öz aralarynda paýlaşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen türgenleri jiu-jitsu boýunça Gresiýada geçirilen dünýä çempionatynda 18 medal gazandylar
"Mukamlar köşgünde" Aşgabatdan Pariže aýdym-saz "syýahaty" boldy
Aşgabatda protokol köçeleriniň köp bölegi ýapylyp başlandy
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda