Gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen el telefonlary kähalatda gyzyp bilýär. Eýsem, munuň sebäbi nämedenkä, öňüni almak üçin nämeler etmeli?!
Smartfonlar dürli sebäplere görä gyzyp bilýär.El telefonlarynyň käbir programmalary we aýratynlyklary has köp energiýa talap edýär. Şol programmalaryň köp wagtlap ulanylmagy, telefonyň gyzmagyna sebäp bolýar.
Içinde bir topar maglumat geçiriji bolan kompýuterler hem gyzýar.Emma, olarda gyzgynlygy daşyna üfleýän perler bar.Aslynda, häzirki telefonlar hem kompýuterleriň edýän işiniň köpüsini ýerine ýetirip bilýär.
Emma telefonlar kiçi bolansoň, olarda sowadyjy ulgam däl-de, gyzmagynyň öňüni alyjy ulgam bolýar.Telefonlaryň batareýalarynyň has kämilleşdirilmegi we gyzmagynyň öňüni almak üçin täze tehnologiýalar yzygiderli işlenip düzülýär.
Islendik telefon uzak wagtlap gepleşilmegi ýa-da ekranyň açyk durmagy, mikroprosessoryň, çyrasynyň we kamerasynyň işledilmegi zerarly azda-kände gyzyp bilýär.
Munuň öňüni almak üçin telefondaky ähli amalyň işini togtatmaly.Sebäbi birbada birnäçe amalyň ýerine ýetirilmegi bilen telefona agram düşýär.Zarýad ulgamyndaky näsazlyk hem telefonyň gyzmagyna getirýär. Şol sebäpli enjamyň öz zarýad berijisini dogry ýagdaýda ulanmaly.
Oýun programmalary bilen yzygiderli meşgullanylanda telefonda käbir näsazlyk ýüze çykýar. Şonuň üçin arakesme etmek zerur bolup durýar.Zyýanly programma üpjünçiligi (wirus) hem telefonyň işini haýalladyp, gyzmagyna sebäp bolýar. Şeýle ýagdaýda antiprogrammalar arkaly telefony arassalap durmaly. Şeýle hem telefonda gyzgynlygyň öňüni alýan sowadyjy programmalaryň işini ýola goýmaly.