Telefon budkalary taryhy ýadygärlik boldy

Londonyň metro stansiýalaryndaky dört sany K8 telefon budkasy Beýik Britaniýadaky taryhy ýadygärlikleriň sanawyna girizildi. Bu barada “Evening Standard” gazeti habar berdi. Maglumatlara görä, Sanly tehnologiýalar, medeniýet, habar beriş serişdeleri we sport ministrligi bu mawy telefon budkalaryny aýratyn gyzyklanma bildirilýän hem-de goraga mätäç bolan desgalaryň sanawyna goşdy.

Beýik Britaniýanyň Taryhy binalar we ýadygärlikler boýunça toparynyň wekili Tom Foksollyň sözlerine görä, “XX asyryň Beýik Britaniýasynyň tehnologik we medeni aýratynlyklaryny ýüze çykarýan şular ýaly budkalar gaty az we goralmaga degişlidir”.

Mawy reňkli K8 telefon budkalary 1960-njy ýyllaryň ortalarynda binagär Brýus Martin tarapyndan öňkülere garanyňda, abatlamak we hyzmat etmek has ýeňil bolar ýaly görnüşde taslanypdyr. 1968-nji ýyldan 1983-nji ýyla çenli Beýik Britaniýada, takmynan, 11 müň sany şol döwrüň öňdebaryjy budkasy oturdylypdyr. 1984-nji ýylda, olaryň 50-sinden galanynyň hemmesi sökülip aýrylyp, täzesi bilen çalşyldy.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji sürüjisiz awtobus gatnap başlady
Çaloba Çelside galmasa-da, Londonda galyp biler
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Britan premýeri polisiýanyň soraglaryna jogap berdi