Tel-Awiwe Guralan Hüjümde 1 Adam Ýogaldy

Tel-Awiwe Guralan Hüjümde 1 Adam Ýogaldy

Ysraýylyň paýtagty Tel-Awiwe uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde 1 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.

Paýtagt Tel-Awiwiň merkezinde Amerikan ilçihanasynyň golaýynda bolan partlamada 1 adamyň ýogalandygy, 4 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ysraýylyň harby goşunyndan berlen beýannama görä, Tel-Awiwdäki partlama howa hüjümi sebäp boldy.

Beýannamada hüjüm bilen arabaglanşykly derňew işiniň geçirilýändigi we howpsuzlyk güýçleriniň sebitde iş alyp barýandygy bellenildi.

Ysraýylyň howa güýçleriniň, Ysraýylyň howa giňişligini goramak üçin berk çäre görendigi ýatladyldy.

Beýleki tarapdan Ýemende iş alyp barýan Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň metbugat sekretary Ýahýa Seri X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Tel-Awiwe hüjüm gurandyklaryny tassyklady, emma giňişleýin maglumat bermedi.

Husiler ozal hem, Gaza garşy 7-nji oktýabrdan bäri guralýan hüjüm sebäpli Ysraýyla uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygyny mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Beýrudyň Günortasyny Bombalamaga Dowam Edýär
Netanýahu: "Ysraýyla kyn günler garaşýar" diýdi
Ysraýyl howa giňişligini ýapdy
Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Makron Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ysraýyla degişli uçar Antalýa gondy