Tel-Awiw ilkinji gezek dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawynda birinji boldy

Tel-Awiw ilkinji gezek dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawynda birinji boldy

Tel-Awiw iň gymmat durmuş derejeli şäherleriň reýtinginde bir ýylda bäş orun ýokary galyp, birinji ýeri eýeledi. Ikinji orunda Pariž ýerleşdi. Bu barada Economist Intelligence Unit-iň geçiren barlagyna salgylanyp, rus.err.ee habar berdi.

Meduza portalynyň habaryna görä, Tel-Awiw şäheri birinji orna Ysraýylyň pul birligi bolan şekeliň ABŞ-nyň dollaryna garşy çalt ösmegi we iýmitiň, alkogol içgileriniň hem-de ulaglaryň bahalarynyň ýokarlanmagynyň netijesinde ilkinji gezek çykdy.

Reýtingde ikinji ýeri mundan bir ýyl öň Gonkong we Sýurih bilen bir hatarda sanawyň başyny çeken Pariž eýeledi. Täze reýtingde Pariž ikinji ýeri Singapur bilen bilelikde eýeledi. Sýurih we Gonkong, degişlilikde, üçünji we dördünji orny eýeledi. Dünýäniň iň gymmat şäherleriniň onlugyna Nýu-Ýork, Ženewa, Kopengagen, Los-Anželes we Osaka hem girdi.

Ýene degişli makalalar

The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Wena ýaşaýyş üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawynda birinji orna gaýdyp geldi
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
BMG-niň gullugynyň başlygy Günbatar Şerianyň uruş zolagyna öwrülendigini duýdurdy
Tel-Awiwde Bolan Partlamada 1 Adam Ýogaldy
“ABŞ, Ysraýylyň Edýän Jenaýatlarynyň Şärigi”
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Tel-Awiwde Protest Aksiýasyny Geçirdi