Teksti sese öwürýän programma

Häzirki wagtda smartfonlar bilen jaň etmek arkaly, şeýle hem wideojaň ýa-da ýazyşmak arkaly habarlaşyp bolýar.Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň biri bolan “Samsung” ýazan tekstiňi sesli ýagdaýda iberýän “OneUI 5” atly interfeýsi tanyşdyrdy. Ýagny ýazan sözleriňizi habarlaşýan adamyňyza sesli ýagdaýda baryp ýetýär.

Koreý brendiniň 2017-nji ýylda çykaran “Bixby” atly “hyýaly kömekçisi” şol döwürler düwmeli telefonlarda hem peýda bolupdy.Emma “sesli kömekçä” isleg az bolansoň, ulanyşdan aýrylypdy.

Häzirki wagtda “Bixby” o diýen ulanylmaýan hem bolsa, kompaniýa bu programma täze aýratynlyk goşdy. “OneUI 5” intrefeýsiniň täzelenmegi bilen “Bixby” gelen jaňlara tekst ýazmak arkaly sesli jogap bermegiňizi üpjün eder. “The Bixby Text Call” atly bu aýratynlyk jaň edilýän wagty geplemezden, sms ýazmak arkaly jaň edýän adam bilen gepleşmegiňizi üpjün eder. Ýazan tekstiňizi “Bixby” kömekçisi sese öwürer. Şeýle hem jaň edýän adamyň sesi size tekst görnüşinde geler.

Ilkinji nobatda öz watanynda koreýçe nusgasy çykjak bu programmanyň iňlis we beýleki dillerdäki nusgalarynyň çykjak wagty mälim edilmedi.

Ahmet Emirkulyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Hytaýda ylgaw ýaryşynyň ýeňijilerine medal ýerine sygyr we towuk gowşuryldy
Dünýäniň iň inçe gökdiräni
Katar 2022 Dünýä Kubogyny haýsy teleýaýlymlar görkezer?
Türkmentel—2022: OneWeb 2023-nji ýylda 648 hemrasynyň ählisini orbita çykarar
Hytaýly lotereýada 30 million dollar utandygyny maşgalasyndan gizleýär
Ekologiýa taýdan has howpsuz smartfon öndürijileriň reýtingi