Türkiyäniň Mermer deňizine kenary bolan Tekirdag welaýatynyň Malkara etrabyndan adyny alýan we Osmanly imperiýasy zamanynda meşhur türk jahankeşdesi Ewliýa Çelebiniň “Syýahatnama” atly eserinde hem agzalyp geçilýän Tekirdag Malkara kaseri peýniri sebite mahsus endemiki ösümlikler bilen iýmitlenýän geçileriň, goýunlaryň we sygyrlaryň süýdünden öndürilýär.
Malkara etrabynyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2017-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Tekirdag Malkara kaseri peýniriň önümçiliginde ulanylýan süýtler 1-nji aprel-31-nji iýul aralygynda mallardan sagylýar we tiz wagtda işlenýär.
Gaty gabykly we silindr görnüşinde öndürilen kaseri peýnirini öndürmek üçin ilki bilen süýt süzülýär we artykmaç maddalaryndan arassalanýar, ondan soň 55 gradus gyzgynlykda 10 minut möhlet bilen gaýnadylýar.Sowamagy üçin goýulan süýde ondan soň tebigy maýa goşulyp maýalama işleri geçirilýär.
Maýalanan süýt nohut ululygynda kesilýär we deprek görnüşindäki filtrleriň kömegi bilen peýnir suwundan aýrylýar.Emele gelen peýnir massasy deňiz duzy bilen duzlananyndan soň, silindr formasyna eýe boljak görnüşde gysylýar we pes derejedäki ammarlarda, dub, arça we buk agaçlaryndan ýasalan agaç tekjeleriniň üstünde goýulýar.
Bu aralykda, fermentlenen süýdüň we duzuň peýniriň üstünde deň paýlanmagyny üpjün etmek üçin peýnir galyplary tersine öwrülýär we şol bir wagtyň özünde peýniriň daşky ýüzünde emele gelýän heň inçe simli çotga bilen arassalanýar.
Tekirdag Malkara kaseri peýniri doly taýarlanmagy üçin 90 gün gerek. Şol möhlediň ahyrynda agramynyň ýarsyndan gowragy süýt ýagyndan emele gelen, duzly we ýeňil ýagdaýda turşy tagama eýe bolan kaseri peýniri taýar ýagdaýa gelýär.