Teke bazarda et satylanda ýakalaşyk boldy

Teke bazarda et satylanda ýakalaşyk boldy

Türkmenistanda ilatyň azyk üpjünçiliginiň gitdigiçe ýaramazlaşmagy nägileligiň we dawalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Köpden bäri satuwda bolmadyk önümleriň satylan wagtynda döreýän ullakan nobatlarda yzygiderli dawa-jenjele we ýakalaşyklara sebäp bolýar. 7-nji dekabrda Aşgabadyň bazarlarynyň birinde sygyr we towuk etiniň satylan wagtynda alyjylaryň arasynda ýakalaşyk emele geldi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, ýakalaşyk Teki bazarda etiň we towugyň subsidirlenen bahadan satylanda ýerinde döräpdir. Käbir alyjylaryň arasynda ýüze çykan dawa tiz toparlaýyn ýakalaşyga öwrülipdir. Umuman şol gün nobatda azyndan birnäçe ýüz adam bolupdyr.

"Ýakalaşykdan soň aýakgaplar we plastik haltalara salnan towuk eti çaşyp ýatyrdy" diýip, bolan ýagdaýlara şaýat bolan aşgabatlylaryň biri aýtdy.

Şäher häkimligi we bazar ýolbaşçylary bu waka barada resmi düşündiriş bermediler, emma bu ýagdaýlara kesgitli bahadan satylýan önümleriň satuwyny ýatyrmak bilen reaksiýa görkezdiler. 8-nji dekabrda Teke bazarynda polisiýa işgärleri önümiň satylmagyna garaşyp, irden bazaryň derwezesine ýygnanan adamlary kowdy. Alyjylara towuk we beýleki etleri subsidirlenen bahadan satmagyň gadagan edilendigi aýdyldy.

Teke bazarynda alyjylaryň arasynda ýakalaşyga sebäp bolan sygyr we towuk etleriniň subsidirlenen bahasy kilogramy 34 we 21 manatdan boldy. Täjirçilik dükanlarynda bir kilogram towuk etiniň bahasy 55-80 manat aralygynda.

Towuk eti birnäçe gün bäri Türkmenistanyň paýtagtyndaky beýleki bazarlarda hem satylýar. Käbir beýleki gyt önümlerde, hususan-da towuk ýumurtgasy hem satuwda peýda boldy.

Habarçylar Aşgabadyň bazarlarynda birnäçe gün bäri towuk etiniň kilogramy 25 manatdan, ýumurtganyň bolsa her biriniň 1 manatdan satylyp başlandygyny habar berdiler. Söwda daňdan başlanýar we ir 8-de tamamlanýar. Bu önümleriň satuwy ullakan nobatlary döredýär. Hususan-da, 7-nji dekabrda, ir sagat 8-den öň Teke bazarynda 800 töweregi, ondan kiçiräk Gündogar bazarynda 300 töweregi adam bardy.

Bahasy bir manatdan satylýan ýumurtga käbir täjirçilik dükanlarynda hem peýda boldy.Emma ony satyn almagyň şertleri bar.Parahat-2 etrapçasynda dükanda satuwyň birinji güni, ýagny 6-njy dekabrda, her alyja 10 sany ýumurtga satyldy, ýöne 7-nji dekabrda, ýagny satuwyň ikinji güni onuň gapdalynda esli bahadan goşmaça haryt satyn almak talap edildi. Şeýle-de, polisiýa dükanyň öňünde ýygnanan ullakan nobaty dargatdy.

"Köp adam ýygnandy, olary polisiýa kowdy. Ýumurtga satylyp başlanda bolsa, dükandakylar garaşyp duranlaryň 50 manada beýleki önümleri ýa-da hojalyk himiki serişdelerini satyn almalydygyny, diňe şondan soň her biri 1 manatdan 30 ýumurtganyň berjekdigini aýtdylar. Adamlar dargady"- diýip, ýene bir şaýat gürrüň berdi.

Türkmenistanda azyk krizisi soňky dört ýyl bäri dowam edýär. Pandemiýa döwründe ýüze çykan ykdysady çökgünlik ilatyň maddy ýagdaýyny hasam erbetleşdirdi. Ýurduň ilatynyň ep-esli bölegi ýurduň içindäki girdeji çeşmelerini ýitirdi we daşary ýurtlara gidip gazanç etmek mümkinçiligini ýitirdi.

Ýurt ilatynyň ençemesi üçin çörek we beýleki önümleri subsidirlenen bahadan satyn almak ýeke-täk iýmit çeşmesine öwrüldi, öz gezeginde ýurduň häkimiýetleri subsidirlenen bahadan önümleri satmak düzgüninden doly el çekmeýärler.

Ýerli synçylaryň pikiriçe, ýurtda inflýasiýanyň we täjirçilik bahalarynyň ýokarlanmagynyň fonunda, häkimiýetler ilata subsidirlenen bahadan azyk hödürlemegi häzirki režimiň ýöredýän ykdysady syýasatyny mahabatlandyrmak üçin ulanmagyny dowam etdirýärler we şeýdip, döwletiň raýatlar baradaky alada edýändigini görkezmäge çalyşýarlar.

8-nji dekabrda polisiýa işgärleri Teki bazarynda dörän nobaty dargadan wagtynda: "Prezident size ýagşylyk edýär, siz bolsa minnetdar däl, nobatda dawa edýärsiňiz we nägileligiňizi bildirýärsiňiz" diýipdir. Şonda polisiýa işgärleriniň aýtmagyna görä, hut şu sebäpden bazarda subsidirlenen bahadan etiň satuwy ýatyrylypdyr.

Subsidirlenen bahalary saklap gelýän türkmen hökümeti, ilatyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyryp bilmeýär we bu ýagdaýda ýeňillikli bahadan azyk satyn almaga rugsat berlen raýatlaryň kategoriýalaryny yzygiderli azaldyp gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Towuk budy we ýumurtga 'bolçulygy' uzaga çekmedi
Towuk budunyň täjirçilik bahasy birden ýokarlandy, 'arzan' towuk budunyň nobatlary artdy
20-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň ähli sebitlerinde Täze ýyl söwda nokatlary işleýär
Aşgabatda çörek nobatynda basa-baslyk döredi
Türkmenbaşyda azyk nobatynda ýakalaşyk boldy, Lebapda dükanlarda we bankomatlarda nobatlar azaldy