Microsoft we Alphabet kompaniýalary ýylyň birinji çärýegine degişli girdejileri barada maglumat berdi. Programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan Microsoft kompaniýasynyň girdejisi degişli döwürde 7 göterim artyp, 52,9 milliard dollara ýetipdir. Kompaniýanyň geçen ýylyň degişli döwründäki girdejisi 49,4 milliard bolupdyr.
Kompaniýanyň arassa peýdasy hem degişli döwürde 9 göterim artyp, 18,3 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 16,7 milliard dollar bolupdyr. Tehnologiýa ägirdiniň her paýnamadan alan peýdasy 2,22 dollardan 2,45 dollara ýetipdir.
Google-a eýeçilik edýän Alphabet-iň üç aýlyk girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3 göterim artyp, 69,8 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň girdejisi 68 milliard dollar bolupdyr.
Angelina ÇERNYŞOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.