Tehnika üpjünçiliginde ala tutulýan şalyçylar häkimlige arz edip, ekin meýdanlaryna kombaýn girizmegi başardy

Tehnika üpjünçiliginde ala tutulýan şalyçylar häkimlige arz edip, ekin meýdanlaryna kombaýn girizmegi başardy

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ösdürip ýetişdiren şaly hasylyny ýygnamakda kombaýn ýetmezçiliginden ejir çekýän kärendeçi daýhanlar ýaňy-ýakynda etrap häkimligine arz edip, kombaýn üpjünçiligini gazanmagy başardylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy noýabrda sebitden maglumat berdi.

Döwlet bilen şertnama esasynda şaly ösdürip ýetişdiren kärendeçiler ýetişen hasyly ýitgisiz ýygnamaga çalyşýarlar. Olar kombaýn üpjünçiliginde özleriniň ala tutulýandygyny, tehnikalaryň, ilkinji nobatda, özbaşdak şaly ösdürip ýetişdirýän barlykly adamlaryň, ýokary wezipelerdäki möwsümleýin ýer eýeleriniň ekin meýdanlaryna goýberilýändigini, özleriniň tehnika üpjünçiliginiň gijikdirilýändigini aýdýarlar.

Şeýle aladalar ýönekeý daýhanlary jem bolup, etrap häkimligine arza bilen ýüz tutmaga iterdi.

“Daýhanlar topar bolup, etrap häkimligine kombaýn ýetmezçiligi barada arz etdiler” diýip, bir oba hojalyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Şalyçy kärendeçiler özbaşdak, barlykly ýer eýelerini daýhan birleşikleriniň başlyklary bilen dildüwşük etmekde we para-peşgeş bilen öz wagtynda kombaýn üpjünçiligine eýe bolmakda aýyplaýarlar.

Häkimlige baran nägile kärendeçiler ilkibaşda öz ýaşaýan daýhan birleşiklerinde ýerli resmilere özbaşdak arz-şikaýatlaryny bildiripdirler. Ýöne netije bolmansoň, öz aralarynda maslahatlaşyp, häkimlige ýüz tutmagy kararlaşdyrýar.

“Häkim kärendeçilerden kabul eden arzasynyň yz ýany, etrabyň çägindäki ähli şaly orujy kombaýnlaryň daýhan birleşikleriň garažlaryna getirilmegi barada buýruk berdi. Kombaýnlar iki günläp garažlardan çykarylmady. Häkim üçülenji gün daýhan birleşikleriň başlyklaryna buýruk berip, ilkinji nobatda döwlet bilen şertnama esasynda şaly ösdürip ýetişdirýän kärendeçileriň hasylynyň ýygnalmagyny tabşyrdy” diýip, oba hojalyk işgäri gürrüň berýär.

Şeýlelikde, döwlet bilen şertnama esasynda şaly ösdürip ýetişdirýän ýönekeý daýhanlar öz synanyşyklary bilen tehnika üpjünçiliginiň hötdesinden gelmegi başardylar.

“Şertanamalaýyn şalyçylaryň ekin meýdanlaryna kombaýn girdi” diýip, öň Garabekewül, häzir Halaç etrabynyň ekerançylyk meýdanlarynda şaly ösdürip ýetişdirýän kärendeçi daýhan aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary Lebap welaýatynyň çäginde şertnamalaýyn şalyçy kärendeçileriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, olaryň özbaşdak şaly ösdürip ýetişdirýän barlykly ýer eýeleri bilen arada duçar galan adalatsyzlylary barada yzly-yzyna habar berip gelýärler.

Mundan ozal, Lebap welaýatynda ýer paýlanyşygynda, ekerançylyk suwlarynyň paýlanyşygynda barlykly, emeldar ýer eýeleriniň ileri tutulýandygy, kärendeçi daýhanlaryň suw, dökün we tehnika üpjünçiliginde ala tutulýandygy mälim bolupdy.

Awgustyň aýagynda ýerli daýhanlar şalyçylaryň ala tutulmagynyň döwletiň zyýanyna işleýändigini gürrüň berdiler.

Ýöne şeýle tejribeler suw paýlanyşygynda-da, kombaýn paýlanyşygynda-da dowam etdirildi. Ýönekeý kärendeçileriň adalat göreşi, ahyrsoňy, öz netijesini berdi.

Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Saýat, Halaç, Hojambaz we Kerki etraplarynda döwlet tabşyrygy esasynda şaly ösdürilip ýetişdirilýär. Şertnamalaýyn kärendeçiler öz ýetişdiren hasylyny döwlete satýarlar.

Ýöne Lebapda uzak möhletleýin şertnama esasynda şaly ösdürip ýetişdirýän kärendeçiler bilen bir hatarda möwsümleýin şaly ösdürýän ýer eýeleri hem bar.

Şalyçy daýhanlar pagta we bugdaý bilen deňeşdirilende öz hasyllarynyň düşewüntli bolýandygyny aýdýarlar.

Möwsümleýin şalyçylar öz ýetişdiren hasyllaryny döwlete satmaýarlar, ýöne uzak möhletleýin kärendeçiler hasyly döwlete geçirmäge borçlanýarlar.

Resmi habarlara görä, şu günler Amyderýanyň ýakasyndaky sebitlerde dowam edýän şaly oragyna 130-a golaý kombaýn gatnaşýar.

Köp suw talap edýän şaly ekini ýurduň esasan gündogar we demirgazyk sebitlerinde ösdürilip ýetişdirilýär.

Türkmenistanda her ýylda 18 müň gektardan gowrak meýdana döwlet tabşyrygy esasynda şaly ekilýär we 81,5 müň tonna golaý hasyl ýygnalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Täze buýruga garamazdan, Lebapda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna çekilýär
Kärendeçiler hereket çäklendirmelerinden zeýrenýär, gök-bakja ekinleri çüýreýär. Izolýasiýadaky Farapda azyk gytçylygy döredi
GYSSAGLY: Türkmenistanda 18 harby gullukçy öldi
“Paýok” önümleriniň möçberi we görnüşi azalýar, çörek gyt, ilat orak möwsümine bil baglaýar