Tegelek stol söhbetdeşligi

Tegelek stol söhbetdeşligi

Garaşsyz baky Bitarap diýarymyzda Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzyň her bir güni uly ösüşlere, taryhy wakalara beslenýär. Änew şäheri 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesine eýe boldy.

Bu taslama her ýylda türki dili ýurtlaryň dürli şäherlerinde geçirilmek bilen halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini açyp görkezmekden ybaratdyr.Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Türkmenistanyň gadymy sungaty bölüminde Arkadag elektron žurnalynyň redaktory Jemal Saparowanyň alyp barmagynda tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi.

Söhbetdeşlige Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiriniň orunbasary Bossan Ataýewa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş hünärmeni Ogulabat Kakalyýewa, Aşgabat şäher ýaşlar guramasynyň hünärmeni Mahym Selimowa gatnaşdylar.Söhbetdeşlik Miras teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Ýürekleri Watan söýgüsinden doly zenanlarymyz ýurdumyzyň röwşen geljegine gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyna täze häkim bellenildi
Belli estrada aýdymçysy Selimow neşe bilen ilteşikli türmä höküm edildi
Belli estrada aýdymçysy Selimow neşe bilen ilteşikli türmä höküm edildi
Prezident bir topar käýinç yglan etdi we kadr çalşygyny geçirdi
26.01.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden