“TechWomen” maksatnamasy

“TechWomen” ─ bäş hepdelik, ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika (STEM) ugurlarda işleýän hünärmen zenanlar üçin halypaçylyk maksatnamasydyr.

“TechWomen” maksatnamasy hünärmenler üçin alyş-çalyş maksatnamasy bolmak bilen, dünýädäki aýal-gyzlaryň derejelerini mahabatlandyrmagy goldaýar we ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika (STEM) ugurlarynyň ösmegine ýardam edýär.Bu bolsa öz gezeginde aýal-gyzlara öz mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam edýär.

Maksady ylym we tehnologiýa pudagynda hyzmatdaşlyk bolan bu ýokary depginde alnyp barylýan alyş-çalyş maksatnamasyna Afrika, Ýakyn Gündogar, Günorta we Merkezi Aziýa sebitleriniň 21 döwletinden bolan gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-a giderler.

Dalaşgärler arzany dolduranlarynda alty ugurdan birini saýlap bilerler: biotehnologiýa we lukmançylyk, “ýaşyl tehnologiýa” we durnukly ösuş, maglumat tehnologiýasy we aragatnaşyk, ylym we inženerçylyk.

Maksatnama ýolbaşçylyk, innowasiýa we döredijilikli pikirlenmek bilen bagly birnäçe gibrid (virtual we şahsy görnüşde) seminarlar bilen başlar.Soňra gatnaşyjylar Silikon jülgesi (Silicon Valley) we San-Fransisko aýlag sebitinde ýerleşýän öňdebaryjy innowasiýa kompaniýalaryna we guramalaryna 15 günlük şahsy programmalary üçin gidip bilerler.

Her gatnaşyjy halypalyk maksatnamasyny geçer we soňra toparlaýyn iş üçin öz ýurtlaryndan bolan beýleki gatnaşyjylara goşularlar.Toparlar tälimçiler bilen bilelikde belli bir meseläni çözmek üçin amaly meýilnamanyň üstinde işlärler. Şeýle hem, gatnaşyjylar Kaliforniýadaky jemgyýetçilik işlerine we medeni we dynç alyş çärelerine gatnaşyp bilerler. 2024-nji ýyl “TechWomen” maksatnamasy, Waşingtonda geçiriljek üç günlük maksatnama bilen tamamlanar, bu meýilnama Döwlet departamentine baryp görmegi we Döwlet departamentiniň işgärleri bilen bu maksatnamada gazanan üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmagy öz içine alýar.

Maksatnama bilen baglanyşykly ähli tölegler, ýagny wiza, gidip-geliş, maksatnamanyň ähli döwri üçin lukmançylyk ätiýaçlandyryşy we beýleki çykdaýjylary maksatnama öz üstüne alýar.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

Ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika (STEM) ugurlarynda azyndan iki ýyl iş tejribesi bolan zenan bolmaly. Tejribe işi we beýleki tölenmedik iş tejribesi hasaplanmaýar;

Ýokary bilim (bakalawr ýa şonuň bilen deň derejeli diplom);

Iňlis dilini suwara bilmek.

Giňişleýin maglumat üçin hem-de arzany dolduryp tabşyrmak üçin şu aşakdaky internet saýtyna geçip bilersiňiz: https://www.techwomen.org.

Arzalary tabşyrmagyň iň soňky güni 2024-nji ýylyň 10-njy ýanwary, Aşgabat wagty bilen 22:00.

Goşmaça maglumat ýa-da soraglar üçin ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine elektron poçta arkaly ýüz tutup bilersiňiz: AshgabatEducation@state.gov.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat şäheri
Sürüjisiz ulaglaryň gije-gündiz işlemegine rugsat berildi
Zenan sanly awataryň kömegi bilen sözledi
Uglerodsyzlaşdyrma forumy geçirildi
Szinpin alty ýylda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bardy
Kamala Harris: ýeňiş gazanmagy niýet edýärin