National Geographic žurnalynyň syýahatçylyk bölüminiň redaktorlary 2021-nji ýylda syýahat edip boljak ýerleriň sanawyny çap etdi. Bu sanaw Alýaska ştatyndan başlap, Latyn Amerikasynyň üstünden geçip, Gruziýa çenli baryp ýetýär. Bu sanawda bar bolan milli seýilgählerden käbirleri:
Katmai milli seýilgähi, Alýaska. Wulkanlaryň kölegesinde şygary bilen tanalýan Katmai milli seýilgähine barmagyň iki ýoly bar. Olaryň biri gaýyk bilen, beýlekisi bolsa kiçi uçar bilen. Bu seýilgähde aw etmek gadagan bolup, seýilgähiň 9 müň ýyllyk taryhy bar. Arheologlara görä, bu seýilgähde birnäçe landşafty bir ýerde görmek bolýar.
Los Glaciares milli seýilgähi, Argentina. Argentina bilen Çiliniň serhedindäki 1 722 inedördül mil meýdanda ýerleşýän Los Glaciares milli seýilgähiniň esasy aýratynlygy firuza reňkli buz topbaklarydyr. Seýilgähiň umumy meýdanynyň ýarysyny eýeleýän bu buz patyşalygy Lago-Arhentino kölüniň kenarynda ýerleşip, beýikligi 60 metre çenli baryp ýetýär.
Lord Howe adasy, Awstraliýa. Tasman deňziniň soňky jenneti diýlip tanalýan Lord Howe adasyna XVIII asyra çenli adam aýagy basmandyr. Dünýäniň iň goragly tebigaty hasaplanýan bu adanyň ekologiýa gurşawyny saklamak üçin bir wagtda diňe 400 syýahatça rugsat berilýär. Bu adany hem öz içine alýan seýilgähde balyklaryň 500-den gowrak görnüşini görmek bolýar.
Hortobad milli seýilgähi, Wengriýa. Howpsuz aralygy saklamagyň iň tebigy usulyny hödürleýän Hortobad milli seýilgähi 200 müň gektarlyk giňişlikde ýerleşýär. Dünýä miras sanawyna hem giren bu milli seýilgäh Ýewropanyň iň taryhy otlagy we taryhy çopançylyk medeniýeti bilen tapawutlanýar. 1973-nji ýyldan bäri goralýan Hortobad milli seýilgähinde guşlaryň 340 görnüşi bardyr.
The post Tebigylygy bilen tapawutlanýan milli seýilgähler appeared first on Zaman Türkmenistan.