Tebigy ýagtylygyň peýdasy

Waşington uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlagy tebigy ýagtylygyň adamyň rahat uklamagyna ýardam edýändigini ýüze çykardy. 2015-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda 507 meýletinçiniň günüň dowamynda näçe wagt uklaýandygy we ýagtylykda gezýändigi eline dakylan goşarlyk arkaly hasaplandy.

Maglumatlar meýletinçileriň her gün şol bir wagtda düşege geçýändigine garamazdan, gyşyna tomusdaka garanyňda ortaça 35 minut soňra uka gidip, 27 minut giç turýandygyny görkezdi. Şeýlelikde, tomsuna ýagtylygyň köp, gyşyna az bolmagynyň täsiriniň bardygy belli boldy.

Bilermenleriň bellemeklerine görä, gündizine Günüň tebigy ýagtylygyna çykmadyk adamlar agşamky ukusynyň gijikmegine sebäp bolýar.Esasan hem, irdenki ýagtylyk adamyň agşam ýadamagyna we ir ýatmagyna getirýär.Emma ýagtylyga giç çykmak günüň dowamynda özüňi ýadaw duýmaga sebäp bolýar.

Jahan Lamanowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patologik anatomiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

Ýene degişli makalalar

Tywa Türkçesi
Gysga setirlerde: 21-nji fewralyň sport habarlary
Pakistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
Pakistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
Yslamabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Pakistan TOPH taslamasynyň ilerledilmegini goldaýar
Golden Boy 2023-iň ýeňijisi mälim edildi