Tebigy serişde tämiz öý

Öý tämizligi wajyp meseleleriň biridir. Öý hojalyk tehnikalarynyň, mebelleriň, halylaryň, aýnalaryň we başga-da öý hojalygyna degişli ähli esbaplaryň arassa bolmagy, hususan-da, otaglaryň hoşboý ysly bolmagy, ýörite ýuwujy serişdeler bilen öý goşlarynyň ýuwulmagy her bir öý bikesiniň esasy aladalarynyň biri hasaplanýar.

Munuň üçin satyn alynýan, düzüminde himiki goşundylaryň agdyklyk edýän önümlerinden gaça durup, tebigy suwuklyk görnüşindäki arassalaýyş serişdelerini hem taýýarlap bilersiňiz. Öýüň arassa bolmagy üçin käbir zatlara üns berilse, has aňsat bolar.

Umumy tertiplilik: tutularyň howanyň ýagdaýyna görä, açyk ýa-da ýapyk, düşekleriň arassa we tertipli bolmagy otaglaryňyzyň has hem arassa görünmegine ýardam eder. Bulary etmek kyn däl.

Egin-eşikleriňiziň tertibi: çykmazdan ozal, otagyňyza serenjam beriň, egin-eşikleriňizi, kitapdyr depderleriňizi ýerli-ýerine goýuşdyryň!Bar bolsa, kitap ýa-da beýleki tekjeleri düzedişdiriň!Maşgala agzalarynyň ählisi şu tertibi ýerine ýetirse, hemişe öýüňüz arassa we tertipli bolar.

Egin-eşikleriňizi ýygy-ýygydan ýuwmak maslahat berilýär.Kir ýuwujy enjamyňyzy aýda bir gezek on bäş minutlyk emeli ýasalan (bir bitin limonyň elde sykylan suwy) limon kislotasynyň ergini bilen ýuwulsa, döräýjek käbir tehniki näsazlyklaryň öňüni almaga ýardam berer.

Wagtynda arassalamak: hapalanan islendik zady bada-bat arassalamak aňsat bolýar.Nahar bişirilende gaz plitasynyň üstüne nahar dökülen bolsa, ony limonly we sirkeli suw bilen ýuwsaňyz, aňsatlyk bilen arassalanar.

Aşhananyň poluny hem ýygy-ýygydan ýuwmak maslahat berilýär. Şeýtseňiz, onuň ýüzünde döräp biljek ýagjymak gatlagyň emele gelmeginiň öňüni alarsyňyz.Arpabadyýany we üzärligi suwa ezip emele gelen suwuklygy ýuwujy serişde hökmünde ulanyp bilersiňiz.

Bu serişde diňe hapalary aýyrman, aşhanaňyzda ýakymly ys hem döreder.

Sowadyjyny arassalamak: aşhanada iň köp ulanylýan hojalyk harytlarynyň biri hasaplanýan sowadyjyda dürli hilli azyk önümleri saklanýar. Şonuň üçin her gün sowadyjyňyzdaky iýmitleriň, esasanam, uzak möhletli iýmitleriň, gök önümleriň, et we et önümleriniň saklanyş hiline we derejesine häli-şindi gözegçilik etmeli.

Nahar taýýarlananda, öýde wagty geçip barýan azyk önüminiň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmeli. Şeýtseňiz, hem zadyňyz zaýa bolmaz, hem-de sowadyjyňyz arassa durar.Sowadyjynyň içinde, torbanyň düýbünde galan az mukdardaky gök önümler ýa-da miweler wagty geçip zaýalanmagy mümkin.

Wagtal-wagtal sowadyjynyň içindäki zatlaryň ählisini aýryp, arassalamaly.Iň bolmanda iki hepdeden bir gezek limonly ýa-da hamyr tozly suw bilen ýuwulsa, sowadyjyňyzda ýakymsyz peýda bolmaz. Şeýtseňiz, sowadyja agram düşmän ýeňil işlär.

Bu bolsa, onuň ulanyş möhletini hem uzaldar.

The post Tebigy serişde tämiz öý appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

CZN Burak: Aşgabatda myhmanlarymyza aňrybaş tagamlar we özboluşly şüweleňler garaşýar’
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
ARASSAÇYLYK SAGLYKDYR
Türk Aşhanasy Londonda Tanyşdyryldy
Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!
RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞY