“Türkmengaz” DK-nyň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň daşky gurşawy goramak bölüminiň hünärmenleriniň nebitgaz pudagynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde uly tejribesi bar. Alymlar bu işi Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ekologiýa howpsuzlygy ölçeglerine laýyklykda alyp barýarlar.
Bölümiň işläp gelýän döwründen (2001-nji ýyldan) bäri “Türkmengaz” Döwlet konserniniň gaz çykaryjy kärhanalary üçin tebigaty goraýyş taslamalarynyň ýüzden gowragy ýerine ýetirildi, ekologiýa pasportlary berildi. Bölümde işlenilip taýýarlanylan howa goýberilýän zyýanly maddalaryň we akdyrylýan hapa suwlaryň ýol berilýän möçberi Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetinde ekspertizadan üstünlikli geçýär.
Bölüm häzirkizaman ölçeg enjamlary, stasionar we göçme laboratoriýalar bilen üpjün edilen.Bu bolsa hünärmenlere zyýanly maddalara gözegçilik boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmäge, desgalaryň ýerleşýän ýerlerinde, arassaçylyk-gorag zolaklarynyň çäklerinde, desgalara golaý ilatly ýerlerde barlaglar geçirmäge mümkinçilik berýär.
Taslamalar işlenilip taýýarlanylanda “Integral” firmasynyň “Ekolog” tapgyryndan programma üpjünçiligi ulanylýar.Enjamlaryň kömegi bilen buraw işleri geçirilendäki zyýanly maddalar kesgitlenilýär, şeýle hem çuň gatlaklardaky senagat suw akymlaryny we kükürdi zyýansyz aýyrmak ýa-da gaýtadan ulanmak boýunça maslahatlar berilýär.
Ýylyň birinji ýarymynda Tebigy gaz YBI-niň hünärmenleri “Türkmengaz” DK-nyň we “Türkmengeologýa” DK-nyň desgalarynyň ekologiýa howpsuzlygyny barladylar. “Türkmentransgaz” birleşigine, “Türkmengazgeofizika”, “Lebapgazçykaryş” müdirliklerine we Bagaja, Naýyp, Farap, Demirgazyk Balguýy, Kükürtli, Gazlydepe we beýleki ýataklardaky gaz çykaryjy kärhanalaryň ählisine ekologiýa pasportlarydyr kadalaryň çäkleri taýýarlanyldy we berildi.
YBI-niň hünärmenleri Gyýanlyda gurulýan gaz himiýasy toplumy üçin ekologiýa resminamalaryny işläp taýýarladylar.Ilkinji gezek senagat läheňini gurýan konsorsiumyň wekili - Hyundai Engineering Co.Ltd (Koreýa Respublikasy) kompaniýasynyň tabşyrygy boýunça geljekki zawodyň kömekçi enjamynyň—bugardyjy howdanlaryň ekologiýa pasporty düzüldi, onuň daşky gurşawa täsirine baha berildi, arassalanan tehnologik suwy Hazar deňzine goýbermegiň möçberiniň taslamasy taýýarlanyldy. Şu resminamalaryň esasynda Daşky gurşawy goramak we ýer şerişdeleri baradaky döwlet komiteti ekspertiza geçirdi we desgalary ulanmaga rugsatnama berdi.
Kärhana işe girizilenden soňam türkmen ekologlarynyň we konsorsiumyň hyzmatdaşlygy dowam eder. Ol Türkmenistanyň “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Kanunynyň çäklerinde alnyp barlar, ol ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenlerini döwrebap tehnologiýalary tapgyrlaýyn ornaşdyrmaga, daşky gurşawyň ýagdaýyna netijeli gözegçiligi üpjün etmäge, ekologiýa ölçegleri ulgamyny we gurulýan desgalara talaby kämilleşdirmäge borçly edýär.
Tebigy gaz institutynyň inžener-ekologlary Aşgabadyň etegindäki Owadandepede gurulýan ýene bir gazhimiýasy kärhanasynyň işine gatnaşýarlar. Tebigy gazdan awtomobil ýangyjyny almagyň köp basgançakly tehnologiýasy hem “Türkmengaz” DK-nyň gözegçiliginde.
Laboratoriýanyň işgärleri Gündogar Çeleken ýatagyny barladylar we “Hazar” konsorsiumynyň işine ekologiýa taýdan baha berdiler. Barlagyň netijesi boýunça hasabat düzüldi we tebigy gurşawy döwlet ölçegleriniň talaplaryna laýyk getirmek boýunça maslahatlar berildi.
Ýakyn wagtda YBI-niň bu bölümi Amyderýanyň sag kenaryndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdandaky tebigy gaz alýan we ony gaýtadan işleýän Hytaýyň CNPC nebitgaz kompaniýasynyň iri desgalarynyň üçüsi üçin ekologiýa pasporty we howa goýberilýän zyýanly maddalaryň çägi boýunça kadalary düzer.
Hünärmenlerimiz Samandepedäki, “Günorta Hojambazdaky” gazy gaýtadan işleýän kärhanalaryň we Hytaýa gaz iberýän gazkompressor bekediniň ekologiýa ýagdaýyny barlamaga hytaýly hyzmatdaşlar bilen şertnamalar baglaşdylar.