Tebigy D witamini we onuň adamyň saglygyna peýdalary

Tebigy D witamini we onuň adamyň saglygyna peýdalary

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Tebigy D witamini we onuň adamyň saglygyna peýdalary hakynda söhbet etmekçi.

D Witamini näme?

D witamini, adamyň saglygy üçin iňňän möhüm ähmiýete eýedir. D witamini organizmde çäkli mukdarda işlenip çykarylyp, güňden gelýän ultramämişi B şöhleleri iň güýçli D witamini çeşmesi bolup durýar. Ýeterlik mukdarda ultramämişi şöhle almazlyk we deri bilen bolan aragatnaşygynyň öňüniň alynmagy D witamininiň sinteziniň ýetmezçiligini ýüze çykarýar.

D witamini ýagdaýda ereýän witaminlerden biridir. D witamini bedende 3-4 aý töweregi galýar.

D witamininiň funksiýalary nämerdir?

D witamininiň bedende birnäçe funksiýasy bar.

Berk süňkler we sagdyn dişler,

İmmunitet, beýni we myşsa ulgamynyň sagdynlygyny üpjün etmek,

İnsulin derejesini kadalaşdyrmak we diabeti kadaly ugrukdyrmak,

Öýkeniň funksiýasyny, ýürek-damar ulgamynyň sagdynlygyny üpjün etmek,

Rak keseline sebäp bolýan genler bilen işjeň gatnaşygy kadalaşdyrmak.

D witamini ýetmezligi çagalarda raşitizm ýaly süňk deformasyna, ulularda süňk we myşsa güýçsüzligine sebäp bolýar.

D witamini ýetmezliginiň simptomlary nameler?

D witamini ýetmezliginiň simptomlary depressiýa, süňk agyrysy, wirus ýokançlaryna ýygydan sezewar bolmak, ýygy-ýygydan sowuklamak we ysgynsyzlyk görnüşinde ýüze çykýar.

D witamininiň artykmaçlygynyň görkezijileri bolsa aşa D witamini alynanda bedeniň agramynyň islege bagly bolmadyk görnüşde azalmagy, ýer we wagt düşünjesinde kadasyzlyk, gusma ýa-da gubuzlyk ýaly meseleler ýüze çykýar.

D witaminini almagyň ýollary namelerdir?

D witaminiň çeşmeleriniň arasynda gün, belli azyklar we D mitamini tabletleri bar.

Günüň aşagynda bolmak, D witaminiň esasy tebigy çeşmesidir. Amatly ýerde we möhlet bilen gün energiýasyndan peýdalanmak derimizdäki maddalardan başga bir madda öndürýär. İşlenip çykarylan madda ilki bağyra, ol ýerden böwreklere baryp işjeň formasy bolan Witamin D3-e öwrülip, işjeň görnüşe geçýär.

D witamini haýsy azyklarda bar?

Düzüminde D witamini ýokary bolan azyklar:

Düzümiminde ýag mukdary bolan balyklar, gyzylbalyk, gylyç balygy ton balygy, skumbriýa.

Gyzyl balygyň düzüminde D witamini ýokary mukdardadyr. Ortaça 100 gramlyk porsiýada 526 ME D witamini bardyr.

Ýumurtganyň sarysy

Ýumurtgan yň agy proteinler taýdan baý bolsa, sarysynda ýeterlik mukdarda D witamini bar.

Apelsiniň suwy

Balyk ýagy

Süý we süýt önümleri: Sygyryň süýdi, gatyk we mesge,

Düzüminde D witamini bolan miwe we bakja önümleri.

Düzüminde D witamini bolan ösümlikler iňňän çäklidir. Şolardan brokoli, kartoşka we käşir, miwelerden alma we banan, badam, merjimek, galla çöreginde ýeterlik mukdarda D witamini bar.

- Malyň bagyry

- Towuk

- Mal eti

- Gün görýän kömelekleriň düzüminde D witamini bolýar.

D witamininiň ýetmezliğinde bolşy ýaly, D witamini artykmaç bolsa hem kaliý mukdary artýar. Ol hem böwrek daşynyň emele gelmegine, ýürek we böwrek näsazlygyna sebäp bolýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda azyk nobatynda ýakalaşyk boldy
'Oglum bilen towuk etiniň nobatynda, gyzym çöregiň nobatynda durýarys'. Azyk krizisi dowam edýär
Baýramçylykda ilata 'arzan' azyk satyn almak 'mümkinçiligi' berildi
2025-nji ýylda şowlulygyň alamatlary: ýaşyl ýylan kime üstünlik we abadançylyk getirer
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy