Tebigatyň täze kanuny öňe sürüldi

Kaliforniýa Tehnologiýalar institutynyň, Karnegi Ylym institutynyň, Kornell uniwersitetiniň alymlary we Kolorado uniwersitetiniň filosoflary tebigatyň täze kanunyny öňe sürdüler.Täze kanuna laýyklykda, çylşyrymly ulgamlar gurluşyny has-da çylşyrymlaşdyryp we köpdürliligini artdyryp ösýärler. “Proceedings of the National Science Academy” (PNAS) žurnalynda çap edilen makalada ewolýusiýanyň Ýerdäki ýaşaýyş bilen çäklenmeýändigi, onuň atomlardan we minerallardan başlap, planetalara we ýyldyzlara çenli beýleki adatdan daşary çylşyrymly ulgamlarda hem ýüze çykýandygy beýan edilýär.

Funksional maglumatlaryň artmagy babatdaky kanun, ewolýusiýanyň janly we jansyz tebigatyň umumy häsiýetlerini ykrar edýär. Bu ulgamlar köp gezek tertipleşdirilip bilinjek atomlar, molekulalar ýa-da öýjükler ýaly köp dürli düzüm böleklerden ybaratdyr. Ikinjiden, olar köp sanly dürli mehanizmleriň döremegine sebäp bolýan tebigy proseslere sezewar bolýar. Netijede, konfigurasiýalaryň diňe az sanly bölegi funksiýalar boýunça seçgi diýlip atlandyrylýan prosesden aman galýar.

Ulgamyň köp dürli konfigurasiýalary bir ýa-da birnäçe funksiýalara baglylykda seçgä sezewar bolsa, ulgam öser. Iň esasy funksiýa durnuklylykdyr, ýagny, komponentleri durnukly tertipde ýerleşen konfigurasiýalar saýlanýar. Üznüksiz energiýa akymy bolan ulgamlar hem saýlanýar. Üçünji funksiýany alymlar “täzeçillik” diýip atlandyrýarlar täze ulgamlaryň ösüş meýilleri özboluşly häsiýetlere ýa-da aýratynlyklara alyp barýan täze konfigurasiýalary başdan geçirýär.

Mysal hökmünde alymlar minerallaryň ewolýusiýasyny getirýärler.Irki Gün ulgamynda atomlary has durnukly ýerleşen minerallaryň bary-ýogy 20 görnüşi bolupdyr.Bu ilkinji minerallar ýaşaýşyň döremegine gatnaşan minerallaryň indiki nesilleri üçin esas bolup hyzmat edipdir. Ýaşaýşyň we minerallaryň ewolýusiýasy soňra biri-biri bilen berk baglanyşýar, çünki dişler, süňkler, haýwanlaryň ösüntgileri we sowutlary minerallardan ybaratdyr.

Häzirki wagtda çylşyrymly fiziki, himiki we biologik prosesleriň netijesinde ýüze çykýan minerallaryň 6 müňe golaý görnüşi mälimdir.

Ýene degişli makalalar

Tokaýlaryň çapylmagy sebitiň temperaturasyna uly täsir edýär
Alymlar plastik zäherleriň howany hapalamagyndan çekilýän ählumumy ýitgini hasapladylar
Marsyň çuňluklarynda gizlin ummanlar tapyldy
Zeminde janly görnüşleriň iň köp ýaşaýan ýeri kesgitlendi
Alymlar günüň dowamlylygynyň uzalmagynyň sebäbini anykladylar
Alymlar adamlaryň ümsümligiň sesini eşidýändiklerini subut etdiler