Tebigatyň täsin gözelligi

Tebigat özüniň täsin gözellikleri bilen adamzady maýyl edýär.Syýahatçylaryň köpüsi birnäçe menzil ýol geçip tebigy gözellikleri görmäge barýan bolsa, köpler şol owadan tebigatyň gujagynda ýaşaýar. Şeýle gözellikleriň biri hem Perunyň (Günorta Amerika döwleti) demirgazygyndaky Kalendin welaýatynyň Kahamarka şäherinde ýerleşýän Cascada Velo de Nowia şarlawugydyr.

Uzakdan seredeniňde toý lybasly gelne meňzeýän bu şarlawuk ýurduň romantik ýerleriniň biri hasaplanýar.Köpçüligiň arasynda Gelin şarlawugy ady bilen tanalýan bu gözellik ýerli we daşary ýurtly jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. 2019-njy ýylda syýahatçylyk pudagynda iň meşhur ýerleriň birine öwrülen Gelin şarlawugynyň beýikligi 15 metre ýetýär.

Kahamarka dagynyň depesinden aşaklygyna inýän çeşme gaýalaryň ýüzünde ak toý lybasly gelniň şekilini emele getirýär. Çekilen surata meňzeýän bu gözellige barmak üçin dagyň beýikli-pesli depelerinden we kert gaýalaryndan geçip, 2 sagat çemesi pyýada ýöremeli bolýar.

Barmasy kyn bolan bu ýer ýylyň belli bir döwründe syýahatçylar üçin çäklendirilýär.Gelin şarlawugyny wideoşekiller we fotosuratlar arkaly ýakyndan synlap bolýar. /* custom css */ .td_uid_15_67373a0b5578a_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67373a0b5578a_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Wiýetnam Hytaýa 8 Milliard Dollarlyk Demir Ýolunyň Çekilmegi Hakyndaky Taslamany Tassyklady
Russiýanyň Galla Ylalaşygyndan Çekilmegine Reaksiýalar Dowam Edýär
Russiýanyň Galla Ylalaşygyndan Çekilmegi Aziýa we Afrika Ýurtlaryna Uly Zeper Ýetirdi
Mergen Orazow Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň çempionatyna taýýarlygy, Ruslan Mingazowyň näme üçin milli ýygynda çagyrylmandygy we beýleki ýagdaýlar barada gürrüň berdi
Pakistanda güýçli doly guşlary gyrdy, hasyly ýok etdi
Wagner Bahmut Sebitinden Çekilýär