Tebigatyň goragynda

Paýtagtymyzda we onuň daş-töwereginde hem-de şäherlerdir etraplarda ekilen agaç nahallary, bu günki gün boý alyp, uly daragtlara öwrüldi.

Tebigatymyzyň bu ajaýyp gözelligini ýangyn howpundan gorap saklamak her birimiz üçin mukaddes borçdur. Şonuň üçin hem tokaý-seýilgäh zolaklarynda ekilen arçalaryň aralyklary guran dürli haşal otlardan wagtynda arassalanyp, sürüm işleri geçirilmelidir.

Her bir bölünip berlen çäkler ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilmelidir.Ot ýakmazlyk baradaky suratly ýatlamalar görnükli edilip goýulmalydyr.Bölünen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine ýörite jogapkär adamlar bellenmelidir.

Tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny ýangyn howpundan gorap saklamak üçin Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri tarapyndan Ýangynlaryň öňüni almak we dörän ýangynlary guramaçylykly söndürmek baradaky ynsanperwer kararlar kabul edilýär. Şol kararlarda, tomus paslynyň ýangyn howply möwsüminde gözel tebigatda adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde raýatlara açyk otdan peýdalanmagy doly gadagan edýär we açyk otdan peýdalanýan raýatlara garşy Türkmenistanyň Kanunçylygyna laýyklykda çäre görmeklik degişli gözegçilik işlerini geçirýän gulluklara tabşyrylan.

Dynç gününde ýa-da zähmet rugsady wagtynda howanyň yssy günleri ildeşlerimiz maşgalalary bilen tämiz howaly, akar suwly tokaý seýilgäh zolaklarynda dynç alşy guraýarlar.Dynç alyş çäreleri guralanda nahar bişirmek üçin ot ýakylýar.

Ot ýakmagyň özboluşly düzgünleri berjaý edilmese ýangynyň ýüze çykmak howpy döreýär. Şonuň üçin hem Aşgabat şäherinde we welaýatlarda köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ot ýakmak doly gadagan edilen.Eger-de zerurlyk bolan ýagdaýynda ot ýakmak üçin çägeli ýa-da akar suwuň golaýyndaky daşly ýer saýlanmalydyr.

Ot ýakylmazdan öň ot ýakyljak ýeriň 15 metr daş-töweregi guran ot-çöplerden topraga çenli arassalanmalydyr.Ot ýakyljak ýer ýarym metr çuňlukda oý ýerde bolmalydyr ýa-da daşly ýerde bolanda töweregine daşlary örmelidir.

Otdan peýdalanyp bolandan soň, suw sepilip ýa-da gum, çäge sürlüp doly söndürilmelidir.Kähalatda çagalar tebigatyň gözel ýerlerinde ýekelikde gezelençler edýärler ýa-da mal bakmak ýaly işler bilen meşgullanýarlar. Şeýle ýagdaýda olar ot ýakyp ýa-da ot bilen baglanyşykly ýangynyň döremegine sebäp bolup bilýärler.

Köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde söndürilmedik çilim, otluçöp galyndysyny taşlamak howpludyr. Şeýle-de, dynç alyş ýerlerinde çüýşe gaplaryny we aýna döwüklerini galdyrmaly däl, sebäbi şol aýna gaplardan Günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi bilen ýangynyň döremegine sebäp bolmagy mümkindir.

Dynç alşa maşgala bolup gidilende çagalary gözegçilikde saklap, olaryň ot bilen oýnamagynyň öňüni almaly.Dynç alşa barlanda adamlar şahsy awtoulagy bilen barýarlar, kähalatlarda bolsa awtoulaglar bilen guran ot-çöpleriň üstüni basyp sürýärler.

Bu bolsa howply ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna getirip bilýär.Sebäbi awtoulagyň tüsseçykaryndan uçgunlaryň çykmagy we guran ot-çöplere uçgunyň düşmegi bilen ýangyn döremek howpy ýüze çykýar.Kähalatlarda bolsa dynç alyş ýerlerinde şahsy awtoulaglarda bejeriş-abatlama işleri geçirilip, adamlar elini ýa-da awtoulagyň şaýlaryny esgiler bilen süpürip, şol ýag-ýangyç siňen esgileri guran ot-çöpleriň üstüne taşlap gidýärler.

Bu bolsa howply ýagdaýlaryň döremegine getirýär.Sebäbi ýag-ýangyç siňen esgiler yssy howanyň amatly şertlerinde öz-özünden ýanmagy hem-de tebigatymyzyň gaýtalanmajak gözelligine uly zeper ýetirmegi mümkin.

Türkmenistanyň çägindäki eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edara-kärhanalaryň, guramalaryň ählisi öri meýdanlarda, çöllerde, daglarda we tokaýlarda gözel tebigatymyzda islendik işler geçirilende ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý etmäge borçludyrlar.

Biz hem ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmakda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini ýokarlandyryp, hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde ýurdumyzda hukuk tertibini we kanunçylygy pugtalandyrmak, raýatlaryň kanuny hukuklaryny, bähbitlerini we döwletimizdäki eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, olara berkidilen tokaý-seýilgäh zolaklarynyň ýangyn howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek boýunça ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplarynyň berjaý edilmegini gazanjakdygymyza, şeýle-de şol düzgünleriň doly, dogry ýerine ýetirilmegini, raýatlaryň janyna we saglygyna, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz oduň döremeginiň öňüni alyş işlerini geçirmek ugrunda janymyzy aýaman, halal zähmet çekjekdigimize, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etjekdigimize ynandyrýarys.

Yhlas Miriýew,

Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň döwlet ýangyn gözegçilik bölümçesiniň müdiri – uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany.

Ýene degişli makalalar

Belentden ýaňlanan owazlar
Dejavu ýatdan çykmajak agşam üçin iň amatly ýer
Täze ýyla çenli ähli işleriňi nädip dynmaly
​​​​​​​ Farenžitde tebigy bejergi usullary…
Futzal boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryş geçiriler
Gyş paslyna garamazdan, Awaza ýollanma satyn almak üçin býujet işgärlerinden pul toplanýar