Tebigatdaky jandarlara we hadysalara üns bereniňde, üýtgeşikligi hem-de täsinligi bilen adamy biparh goýmaýar.Jandarlar fotosuratçylaryň hemişe üns merkezinde bolýar.Norwegiýaly meşhur fotosuratçy Kjell Sandwed 24 ýyllap kebelekleri surata düşüripdir.
Onuň esasy maksady örän owadan nagyşly bu jandarlaryň ganatlaryndaky harp şekillerini surata almak bolupdyr.Sanwed iňlis elipbiýiniň ähli harplaryny we 0-dan 9-a çenli sanlary kebelegiň ganatlarynda tapypdyr. 1922-nji ýylda Norwegiýada dünýä inen Sandwed tebigaty öwrenmek bilen meşgullanypdyr, birnäçe kitap ýazypdyr.
Onuň “Kebelek elipbiýi” atly ylmy işi bolsa, meşhurlygyny has-da artdyrypdyr.Häzirki wagtda Waşingtondaky Tebigat muzeýinde görkezilýän bu ylmy işde latynça 26 harp hem-de arap sanlarynyň ählisi jemlenen.
Sandwed 1960-njy ýyllarda ABŞ-a göçüp barypdyr we Tebigy taryhyň milli muzeýinde birnäçe ýyllap zähmet çekipdir.Ol öz elipbiý kolleksiýasyny 1975-nji ýylda tamamlaýar we şol ýyl “Smithsonian Magazine” žurnalynda çap etdirýär.
Kebelekleriň ganatlaryndaky harplary we sanlary tapmak üçin ol Braziliýa, Kongo, Papua Täze Gwineýa we Filippinler ýaly ýurtlarda bolýar.