Tebigatda seýrek duş gelýän aklar

Janly-jandarlaryň ýaşaýan ýerine we genetikasyna görä hersiniň özüne mahsus beden aýratynlyklary bar. Şeýle aýratynlyklaryň biri hem reňk sazlaşygy bolup, her bir jandar öz garşydaşyndan, ýagny howp abanýan zadyndan goranmak üçin ot-çöpüň, agaçlaryň, ýapraklaryň reňkine görä keşbini üýtgedýär.

Bu hadysa köp jandarda dogabitdi bolup, käbirinde pasyllaryň çalyşmagy, ot-çöpleriň guramagy ýaly tebigy özgerişlikleriň netijesinde hem üýtgäp bilýär.Adatça, gaplaňy goňrumtyl-mämişi, gara zolakly, kenguruny çal, pili garamtyl-mele, žirafy sarymtyl-goňur şekilde göz öňüne getirýäris. Ýöne bularyň seýrek ýagdaýda ak görnüşde dogulýanlary hem bar.

Muňa albinos diýilýär.Albinos genetik mutasiýa sebäpli melanin öndürýän fermentleriň peselmegi arkaly ýüze çykyp, deridäki, tüý örtügindäki hem-de gözdäki pigmentler ýitip gidýär.

Gaplaň. Eger-de tokaý jandarlarynyň arasynda gözellik bäsleşigi geçirilse, ak gaplaň bu bäsleşigiň ýeňijisi bolar.Ak gaplaň kontinental toparyň bengal gaplaňlarynyň kiçi görnüşiniň arasynda seýrek ýagdaýda duş gelýär.

Käbir bilermenler olary aýratyn görnüş hökmünde belleseler-de, dünýäde gaplaňlaryň iki topary (kontinental we Sunda) bar.Genetik mutasiýanyň netijesinde mämişi reňk pigmentlerini ýitirip, gara zolaklar bilen sazlaşykly ak sütükli gaplaň döräpdir.

Bu birnäçe ýylyň dowamynda käwagt duş gelýän hadysadyr.Ak gaplaň ilkinji gezek 1951-nji ýylda Hindistanda tapylyp, öý şertlerinde ulaldylan ýyrtyjyny Mohan diýip atlandyrýarlar.Tebigaty öwrenijileriň bellemegine görä, soňky ýyllarda ak gaplaňlara ýabany tebigatda duş gelinmeýär.

Häzirki wagtda olaryň ählisi haýwanat baglarynda saklanýar.

Kenguru. Awstraliýanyň Kwinslend sebitinde adaty kengurular bilen bilelikde ak kenguru hem ýaşaýar. Ýabany tebigaty öwrenijiler: Albinos kenguru çal reňkli ýoldaşlaryndan düýpgöter tapawutlanýan owadan ak sütüge eýedir. Bu kenguru köpçüligi geň galdyrýar diýip belleýärler. Ak kenguru Namaji milli seýilgähinde idedilýär.

Ak žiraf häzirki wagtda Keniýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Garissa etrap seýilgähinde ýaşaýar. Tebigaty goraýjylaryň pikiriçe, žirafyň genetikasyndaky leýkizmiň artmagy bilen deridäki pigmentler ýitip, ak žiraf döräpdir. Ak žiraflara ilkinji gezek 2016-njy ýylda Tanzaniýada görleninden iki aýdan soň, Keniýada hem duş gelinýär. Iň uzyn boýly süýdemdirijiler bu ýurtda goralyp, Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň sanawyna girizilendir.

Pil. Ilkibaşda tebigaty öwrenijiler we syýahatçylar ak pillere gabat gelenlerinde, olary ak daşdan ýasalan heýkeldir öýdüpdirler.Ak piller Afrikanyň demirgazygyndaky Namibiýanyň Etoşa milli seýilgähinde süri bolup ýaşaýarlar.

Adaty piller tomsuna Günden goranmak üçin suw oýtumlaryna baryp ak toýnuň palçygyny endamyna çalýarlar.Endamynda gatap galan palçyk olary ak pillere meňzedip görkezýär. Ýöne olary tapawutlandyrmak kyn däl.

Ak piller Etoşa milli seýilgähinden başga-da, Mýanmada, Tailandda seýrek ýagdaýda duş gelýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly milli seýilgähleri
Türkmen wekiliýeti Moskwada adam hukuklary boýunça halkara maslahata gatnaşdy
Afrika Şahynda Howanyň Üýtgemegi Agyr Neticeleri Ýüze Çykarýar
Keniýada Ýeriň Süýşmegi Sebäpli 5 Adam Ýitdi
Tanzaniýada gaýyk pajygasy başdan geçirildi
Tanzaniýada ulag heläkçiligi başdan geçirildi