Teatra örkli ömür

Türkmen teatrynyň sahnasynda köpüň alkyşyny alyp, meşhurlyk gazanan artistlerimizdir aktrisalarymyz sanardan köp.Olaryň döreden keşpleri türkmen teatr sungatynyň taryhynda-da, tomaşaçylar köpçüliginiň aňynda-da öçmejek yz goýdy.

Teatryň sahnasynda geçirilen ýyllar olaryň birenteginiň maňlaýyna gasyn basdy, saçyna ak sepdi.Meniň gürrüňini etjek halypamyň özüni bilip göreni sahna, eşideni tomaşaçylaryň sagbolsuny bolupdy.Ol öz işlän teatrynyň ody bilen girip, küli bilen çykan artistleriň hatarynda tanalýar.

Ony diňe bir teatr sungatyny öwrenijiler ýa-da onuň bilen iş salyşan adamlar däl, hatda tomaşaçlar-da onuň köp taraply aktrisadygyny bilýär.Ol teatrda işlän döwründe sahnada dürli ýaşdaky, dürli milletden bolan zenan maşgalalaryň dürli keşbini döredipdi. Ömrüni teatr sungatyna bagyş eden, ozalky Mollanepes adyndaky drama teatrynyň sahnasynda tä ömrüniň ahyryna çenli dürli keşpleri janlandyran Türkmenistanyň at gazanan artisti Mama Babaýewa öz muşdaklarynyň kalbynda yz galdyran halypa artistleriň hatarynda tanalýar.

Halypa aktrisany tomaşaçylar köpçüligine has äşgär eden keşpleriň biri, ir döwürler şol teatryň sahnasynda goýlan özbek ýazyjysy Hamza Hekimzada Niýazynyň “Baý we batrak” atly eserindäki Jemiläniň keşbi bolupdy.Türkmen tomaşaçylarynyň “Baý we batrak” spektakly bilen ilkinji gezek tanşyp, garyp gyzy Jemiläni söýeninden bäri ençeme ýyllar geçdi.

Ony dürli wagtda, dürli režissýorlar sahna çykardy.Jemiläniň keşbi birnäçe türkmen aktrisasyna abraý getiripdi.Aktrisa ähli döreden keşpleriniň içinde has ýakynynyň Jemiläniň keşbi bolandygyny buýsanç bilen bellärdi.Mama Babaýewa 1920-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň “Ýüzbaşy” daýhan birleşiginde işçi maşgalasynda dünýä inýär.

Ol 1939-njy ýylyň mart aýynda Mollanepes teatrynda hereket edýän teatr studiýa kabul edilýär.Bu ýerde Mama aktýorçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenýär, hemem artist bolup zähmet çekýär. Şeýlelikde, Mama okuw bilen zähmeti bilelikde alyp gitmek bagty miýesser edýär. Biz teatryň gapysyndan ilkinji gezek ätlänimizde, entek 16 hem ýaşamandyk.

Bize ýetginjeklik pasportymyzy hem teatrda gowşurdylar.Ine, indi bolsa ene bolduk diýip, Mama daýza geçen günlerini buýsanç bilen ýatlaýardy.Mama Babaýewa 1939-njy ýylda Sabyr Ataýewa, Täçbibi Gafurowa, Fahriýa Alyýewa dagy bilen ilkinji gezek teatryň gapysyndan ätleýär.

Olaryň ilkinji mugallymy meşhur režissýor Arkadiý Isaýewiç Abrusin bolýar.Abrusin türkmen teatrynyň sahnasynda ilkinji gezek “Zöhre we Tahyr” spektaklyny sahnalaşdyrýar we Gülzadanyň keşbini janlandyrmagy Mama ynanýar.Bu keşp Mama Babaýewanyň teatryň sahnasynda ilkinji keşbi bolýar.

Gülzadanyň keşbi diýseň şowly çykýar. Şondan soň teatryň režissýorlary Mama diňe baş gahrymanyň keşbini ynanyp başlaýarlar. Meniň ilkinji halypalarym türkmen teatrynyň düýbüni tutanlar meşhur “Aýgytly ädim” filmindäki baş gahryman Artygyň ejesiniň keşbini janlandyran Ogulgurban Durdyýewa, şol filmde Eziz hanyň keşbini janlandyran Muhammet Çerkezow, şeýle hem Bazar Amanow, Gylyç Berdiýew dagy boldy.

Biziň ýaşlygymyz, ilkinji zähmet ýolumyz uruş ýyllaryna gabat geldi.Gije daň atýança işläp, täze spektakly komissiýa tabşyrmaly bolýardyk.Irden bolsa keselhanalara näsaglaryň arasyna konsert topary bilen giderdik.

Spektakllardan bölekler görkezerdik.Monologlar okardyk. Şonda-da şeýle kynçylyklara garamazdan, diýseň agzybirdik.Agzyň bir bolsa, alynmajak gala ýok eken.Men-ä elmydama ýaşlara agzybir bolmagy ündeýän diýip, Mama daýza ýaşlyk ýyllaryny ýatlardy.Mama daýza elmydama: Men teatrsyz durmuşymy asla göz öňüme-de getirip bilemok, sahna meniň durmuşym, tomaşaçylar bolsa, meniň hossarlarym diýerdi.

Mama daýza sözüň doly manysynda halkyň adamydy.Teatryň gapysyndan girip, çykýan artistleriň hemmesi oňa halypa diýip ýüzlenýärdi.Teatr muşdaklary hem ony hormatlaýardylar, sylaýardylar. Çünki ol sylag-hormata mynasyp aktrisady.

Mama daýzanyň teatryň sahnasynda janlandyran keşpleri, çykyş eden spektakllary sanardan kän. 400-e ýakyn dürli kärdäki, dürli ykballardaky adamlaryň keşbini bir-birine meňzetmän, ýerine ýetirmek, artistden örän ussatlygy talap edýär.

Mama daýza munuň hötdesinden gelmegi başarýar. Şol keşpleriň tas ýaryndan gowragy baş gahrymanlaryň keşpleridi.Ozalky Mollanepes adyndaky teatrynyň sahnasynda özbek ýazyjysy Seýit Ahmediň pýesasy esasynda teatryň režissýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti, merhum Aman Kömekowyň sahnalaşdyran “Gelinleriň gozgalaňy” atly gülküli spektaklyndaky Mama daýzanyň janlandyran keşbini ýatlap geçmek ýerlikli bolardy.

Spektaklyň wakasy ýedi ogully, ýedi gelinli gaýynene maşgalabaşy Permanbibiniň howlusynda bolup geçýär.Gelinler gaýyneneleriniň gaharjaňlygyna, gysyklygyna, köneçilligine döz gelip bilmän gaharly sözleşýärler.Emma ikinji gelni olaryň tersine elmydama gaýynenesine şadyýan ýüzlenende her gezek “şu diýýän-ä enesi!” diýip, söze başlaýar.

Muňa bolsa gaýynenesiniň gahary gelip, şol sözden bizar bolandygyny, gudasynyň hem, ýagny gelniniň ejesiniň hem elmydama sözüniň başyny şol sözden başlaýandygyndan zeýrenýär.Bu ýagdaý spektaklda şowhuny emele getirýär. Şol gelin bolsa, biziň gahrymanymyz Mama Babaýewadyr.

Bu spektakl uzak ýyllaryň dowamynda teatryň sahnasyndan düşmän geldi.Emma Mama daýzanyň janlandyran “şu diýýän-ä” diýen ýerini hiç bir aktrisa Mama daýzaça başarmandy.Mama daýzanyň döreden bu keşbi teatr muşdaklarynyň ýatlaryndan hiç wagt çykmaz.Bulardan başga-da, Mama Babaýewanyň teatryň sahnasynda janlandyran şowly çykan keşplerinden “Jumada” Güldesse, “Aýgytly ädimde” Aýna, “Ykbalda” Uzuk, “Wasýa Železnowada” Natalýa, “Iki adamyň hyzmatkärinde” Klariçe, “Taýfunda” Tsifin, “Mollanepesde” Läle, “Balsaýat we jadylanan Meleguşda” Nabat, “Daň atanynda” Bossany ýatlap geçmek bolar.

Elbetde, Mama daýzanyň teatryň sahnasynda janlandyran gahrymanlaryny birin-birin agzap geçmek mümkin däl.Mama Babaýewany tomaşaçylar köpçüligi diňe bir teatryň sahnasynda janlandyran keşpleri arkaly däl, eýsem, kino sungatynyň üsti bilen hem tanaýardylar.

Muňa mysal edip “Derýanyň aňyrsy serhet” filmindäki Ata atly gahrymanyň ejesiniň keşbini, şonuň ýaly-da “Çopan ogly”, “Aşyr aganyň hötjetligi” çeper filmlerindäki janlandyran keşpleri-de kino muşdaklarymyz tarapyndan oňat garşy alnan keşplerdir. Şonuň ýaly-da, Mama Babaýewa “Türkmenfilm” kinostudiýasynda “Dublýaž” terjime bölüminde hem ençeme ýyllaryň dowamynda filmlere ses beripdi.

Mama daýza “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň dublýaž bölüminde işlän döwürlerini ýatlap şeýle diýipdi: Maňa terjime bölüminiň režissýory Aşyr Işangulyýew näme üçindir elmydama çalt gürlemeli keşpleri seslendirmegi ynanýardy.Ol ýerde iş diýseň gyzykly gidýärdi.Mama Babaýewa diňe bir teatr ýa-da kino sungaty bilen meşgullanman, eýsem, telewizion spektakllarda we radiooýunlarda-da ençeme ýyllaryň dowamynda çykyş edip, özüniň tebigy zehini bilen halka medeniýetli hyzmat eden zenandyr.

Ol hatda hormatly dynç alşa çykanyndan soňam, öýde arkaýyn oturyp mazasy bolmaýar.Ol ýene-de sahnadaky durmuşyny dowam etdirmeli bolýar.Mama daýzanyň ýüzi hemişe gülüp durandyr.Ol elmydama şadyýandy, şatlygynyň çägi ýokdy.

Nurana ýüzli artist zenan özüni örän bagtly saýardy.Ol özüniň artistlik kärini dowam etdirmek bilen lezzet alýandygyny, sahna çykan wagty ýadawlygynyň zym-zyýat bolýandygyny, işe bolan höwesiniň öňküden-de artýandygyny, juwanlaşýandygyny, teatra sähel barmasa, içiniň gysyp başlaýandygyny, kähalatlarda spektaklda çykyş edip, öýe geleninden soň hem köp wagtlap sahnanyň jadylaýjy pursadyndan çykyp bilmeýändigini öwran-öwran nygtaýardy.Ussat halypa artist Mama Babaýewa Garaşsyz hem hemişelik Bitarap diýarymyz barada şeýle diýýärdi: Asuda Watanymyza guwanyp ýaşaň. Öz söýen käriňize eýe bolup, ondan lezzet almagy başaryň.

Watanyňyza gije-gündiz hyzmat edip, peýdaly iş bilen meşgul boluň diýmek bilen, özüniň ýaşan manyly ömründe munuň ýaly durmuşy öň görmändigini aýdypdy. “Çekseň zähmet, ýagar rähnet” diýlişi ýaly, Mama Babaýewanyň öz wagtynda irginsiz çeken döredijilikli zähmetini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakylýar. Şeýle-de Mama daýza dürli ýyllarda önjeýli çeken zähmeti üçin ençeme hormat hatlaryna hem eýe bolýar.

Bu günki gün Mama daýzanyň ösdürip, kemala getiren üç gyzyndan dört agtygy, alty çowlugy bar.Ol gyzlarynyň üçüsinem Maral, Gözel, Jahan dagyny ýokary bilimli edip ýetişdirýär. Ýeri gelende, Mama daýzanyň ýanýoldaşynyň hem tanymal artist bolup geçendigini aýtmagymyz gerek.

Ol Türkmenistanyň halk artisti Gylyç Berdiýewdir.Köpleriň halypasy, ussat aktrisa Türkmenistanyň at gazanan artisti teatra ömrüni baglan Mama Babaýewa 2005-nji ýylyň 6-njy fewralynda aradan çykýar.

Akmyrat Hojaberdiýew,Teatr sungatyny öwreniji

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň täsirindäki “ykdysady ýardam agtarýan” Merkezi Aziýa sebitinde Waşingtonyň mantrasy
Işmetow Özbegistanyň Merkezi bankyna ýolbaşçy bellendi
“Häzire Çenli Ýurdumyzda 5 Adam Maýmyn Mama Keseli Sebäpli Hasaba Alyndy”
Maýmyn Mama Keseline Ýoluganlaryň Sany 18 Müňden Geçdi
ÝB, Maýmyn Mama Keseliniň Sanjymyny Tassyklady
Bosniýa-Gersegowinada Maýmyn Mama Keseline Gabat Gelindi