Teatr we kino ussadynyň doglan güni mynasybetli kitap sergisi guraldy

Teatr we kino ussadynyň doglan güni mynasybetli kitap sergisi guraldy

Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Suraý Myradowanyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli Keşplerde ýaşaýan ynsan atly kitap sergisi we gürrüňdeşlik guraldy.

Kitaphananyň sungat bölümi tarapyndan guralan sergide halypa teatr we kino ussadynyň ömri we döredijiligi barada dürli ýyllarda neşir edilen kitaplar, onuň durmuş we sungat ýoluny şöhlelendirýän fotosuratlar, döwürleýin neşirler görkezilýär.

Kitaphana işgärleriniň Mary şäheriniň mekdep okuwçylary bilen geçiren gürrüňdeşliginde halypa artistiň teatr sahnasynda we kinofilmlerde janlandyran keşpleri barada giňişleýin gürrüň edildi.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzly mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Guýmagursak zehinli ynsan
Sungata ömrüni baglan
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary