Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda öz ýiti zehini, ukyp-başarnygy, belent adamkärçilik sypatlary bilen gaýtalanmajak yz galdyryp, halk köpçüliginiň kalbynda galmagy başaran, teatr muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan ussat artistleriň ençemesi zähmet çekýärler. Şeýle artistleriň biri hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowadyr.
Ykbalyny teatr sungatyna baglaly bäri 50 ýyldan hem gowrak wagt geçen halypa artist teatr sungatynyň inçe syrlaryny ezberlik bilen öwrenip, ýatda galyjy keşpleriň ençemesini döretdi. Ýüregi edebiýata, teatr sungatyna söýgüden püre-pür bolan ussat halypa barada teatryň baş ýolbaşçysy Ata Gullarow: Halypa, zehinli artist E.Akmyradowa özüniň teatra bagyşlan ömründe ençeme keşpleri janlandyryp gelýär. Şol keşpleriň ählisi diýen ýaly dürli-dürli häsiýetli keşplerdir.
Zenan keşpleriniň her birinde Enejan daýzanyň mähir-muhabbetden doly ýüreginiň, ýiti zehininiň bir bölegini duýmak bolýar diýip belleýär.Biz hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowanyň döredijilik ýoly hakynda taýýarlan söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Halypa, söhbetdeşligimiziň başyny teatr sungatyna ilkinji gadamlaryňyzdan, ilkinji halypalaryňyzdan we janlandyran ilkinji keşpleriňizden başlaýsak?
Her bir döredijilik adamynyň sungata gelmegine bir zatlar öz täsirini ýetirýär.Meniň sungata bolan höwesim heniz mekdep okuwçysy wagtym başlady, 3-nji, 4-nji synpda okaýan wagtlarym mekdepde geçirilýän aýdym-saz, sahna ýaryşlaryna çeper höwesjeň bolup gatnaşýardym.
Okuwçy wagtym ilkinji gezek Akja kepderi diýen aýdymy ýerine ýetiripdim.Heniz dokuz ýaşymdakam türkmen halk dessanlaryndan bäş sanysyny ýatdan bilýärdim. Çagalykdan artist bolmak arzuwymyň hasyl bolmagyna, teatr sungatyna gadam basmagyma, elbetde sungat adamsy bilen durmuş gurmagym sebäp boldy diýsem, hakykatdan daş düşmerin.
Teatr atly jadyly sungatda ilkinji halypam öz ýanýoldaşym, halypa artistleriň biri Kakajan Akmyradowdyr. Şeýle-de, Türkmenistanyň halk artistleri Berdi Mollaýew, Akmyrat Hümmedow, Sabyr Annagylyjowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Oguljeren Gurbangeldiýewa, Annadurdy Täşliýew, halypa režissýorlar Türkmenistanyň halk artistleri Çary Myradow, Abdylla Ýakubow, Aman Kömekow, Baýram Seýdullaýew, Kakajan Aşyrow ýaly ussat halypalar bilen işleşmek, teatr sungatynyň inçe syrlaryny öwrenmek bagty maňa-da miýesser etdi.
Olaryň hersi özboluşly mekdep, giden bir dünýä we hemmesi bir daragtyň şahalary.Teatr sungatynda ilkinji ýerine ýetiren keşbim Annamuhammet Gylyjow bilen Sapar Öräýewiň Köýten nalasy atly spektaklynda baş gahryman Ýaňylyň keşbi boldy.
Janlandyrýan keşpleriňizden öz dünýäňize ýakyny hem-de ýerine ýetirmesi kyn düşeni boldumy? Siziň üçin nähili keşpleri janlandyrmak has gyzykly?
Teatryň sahnasynda aýratyn lezzet alyp, höwesli, kalbyňdan oýnaýan keşpleriň bolýar.Ata Atajanowyň Aýzada spektaklynda Aýzadanyň keşbini özüme has ýakyn hasaplaýaryn.Sebäbi Aýzadanyň keşbinde ýüregi päk türkmen zenanynyň edep-terbiýesi, edim-gylymlary, maşgala ojagyna wepadarlygy, Watan mertebesini janyndan eý görmegi ýaly ajaýyp häsiýetler açylyp görkezilýär, bu keşp meni tutuşlygyna özüne bendi edipdi.
Taňryberdi Hojakgaýewiň Aýjemal spektaklynda Aýjemalyň keşbi meniň üçin ýerine ýetirmesi has kyn düşen keşpleriň biri boldy. Çünki Aýjemalyň keşbi ar-namysy üçin eden-etdiliklerden gaçyp, ýaman pällileriň garşysynda mertlerçe durup, öz söýgüsi üçin göreşmegi başaran batyr gyzyň keşbidi.
Sahnada eneleriň keşbini janlandyrmak meniň üçin gaty gyzykly.Sebäbi diňe bir durmuşda däl, eýsem, sahnada-da mährem ene bolmak, çagaňa, daş-töweregiňdäkilere söýgiňi siňdirmek, mähriňi bermek meniň üçin iň bir mukaddes zatlaryň biri bolup durýar.
Siziň maşgalaňyz barada gürrüň edilende sözüň doly manysynda sungat ussahanasyna deňäp bolýar. Sebäbi Akmyradowlar döredijilik işgärleriniň maşgalasy. Ähliňizem ykbalyny sahna bilen baglan adamlar!
Hawa, Kakajan ikimiz ykbalymyzy teatra baglanymyzdan soň çagalarymyzyň hem gözlerini açyp görenleri teatr boldy.Olar kiçiliginden biz bilen işe gelerdiler, iş saparlaryna gitsek ýanymyzda alyp giderdik.
Sungatyň içinde ösüp kemala gelenligindendir-dä, çagalarymyz başga ugra gitmek barada pikirem etmän sahnany saýladylar.Oglum Parahat Akmyradow, gyzym Patma Akmyradowa bilen häzirki wagtda bir teatrda zähmet çekýäris.
Parahat 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi hem boldy.Kakajan aga bilen bir sahnada keşp janlandyryp, bir maşgala bolup çykyş etmek miýesser etdimi?
Hawa, Köýten nalasy spektaklynda meni Kakajana durmuşa çykarýarlar. Bahardaky başagaýlyklar spektaklynda bolsa Kakajan meni söýýän, ýöne onuň söýgüsi jogapsyz galýan aşyk ýigidiň keşbinde, maňa bolsa başga biri bilen halaşýan baý gyzyň keşbinde bile çykyş etmek miýesser etdi.
Enejan daýza, teatryňyzda häzirki güne çenli sahnalaşdyrylan oýunlardan has şowly çykanlary we üstünlik getiren spektakllar dogrusynda aýdyp beräýseňiz?
Teatryň işiniň ilerlemegi, ozaly bilen, spektakly sahnalaşdyrýan režissýorlaryň ukyp-başarnygyna bagly bolup durýar.Häzirki wagta biziň teatrymyzda hem täze-täze gözlegleriň ugrunda janaýaman zähmet çekýän, sahna sungatynyň inçe syrlaryny öz şägirtlerine yhlas bilen öwredýän halypa režissýorlarymyz Ata Gullarowy, Akynazar Hommyýewi görkezmek bolar.Ata Gullarowyň režissýor hökmünde sahnalaşdyran Ýusup-Züleýha, Mälik şa, Talyp söýgüsi, Elwan ýaglykly serwim, Berç, Tereke ýaly şowly çykan ýigrimä golaý spektakllary çuňňurlygy we täsirliligi bilen tomaşaçylary özüne çekýär.
Onuň dramaturg G.Daňatarowyň Şyrak hakynda rowaýat pýesasy esasynda Watanym atly mono spektakly bolsa teatr sungatynyň şu görnüşi boýunça ilkinji çuň çözgütli spektakllaryň biri bolup, teatryň taryhyna girdi.Ata Gullarow bilen Tereke, Ýusup-Züleýha, Leýli-Mežnun ýaly oýunlarda bile işleşip, has çuň gözlegli, çuňňur oýlandyrýan keşpleri janlandyrmak maňa-da nesip etdi.
Siziň edebi esasyny ýazmagyňyzda sahnalaşdyrylan Söýgi ummanynda küreksiz atly spektakl barada aýdyp beräýseňiz?
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly ajaýyp kitaby esasynda Söýgi ummanynda küreksiz atly drama oýnunyň edebi esasyny ýazdym.Bu sahna eserini zehinli režissýor Perhat Hudaýberenow sahnalaşdyrdy.
Spektakl 2018-nji ýylyň 1-7-nji iýuly aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçirilen Ýüpek ýoly – ýürek ýoly atly teatr festiwalyna gatnaşyp festiwalyň kubogyna mynasyp boldy.Yz ýanyndan bolsa 13-16-njy sentýabrda TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau welaýatynyň bilelikde guramagynda Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriň ikinji halkara festiwaly geçirildi.
Bu festiwalda bolsa biziň döredijilik toparymyz Söýgi ummanynda küreksiz spektakly bilen çykyş edip, festiwala işeňňir gatnaşandygy we üstünlikli çykyş edendigi üçin festiwalyň ýörite baş baýragyna mynasyp boldy.Hawa, teatrdaky sahnalaşdyrylýan her bir oýun bilen ýaşaýan, teatr bilen dem alyp, ýürek urşuny duýýan, ene keşpleriniň ussady, halypa Enejan Akmyradowa bilen söhbetdeş bolanymyzda şeýle nusgalyk sözleri beýan etdi: Indi men 70 ýaşadym, zähmet rugsadyna çykyp dynjymy alsam hem bolýar. Ýöne men durmuşy teatrsyz göz öňüme getirip bilemok.
Käbir sungat adamlary teatr meniň ikinji öýüm diýýär. Ýöne mende beýle däl.Teatr meniň ikinji öýüm däl-de, birinji öýüm bolup durýar.Okasamam, ýazsamam, öwrensemem, öwretsemem teatrda bolýan.
Teatr meniň kalbymyň, ykbalymyň, ömrümiň örklenen ýeri.
Söhbetdeşligi ýazga geçirenKuwwatgeldi ÇARYÝEW, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.