Teatr onuň ömürlik hemrasy

Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammetgurban Nazzyýew bilen söhbetdeşlik.

Sungatyň jadyly güýji bar.Ol özüne bir bendi edensoň, synyňdan aslyşyp seni öz goýnuna dolap alýar, özüniň ömürlik ýoldaşy edinýär.Ondan soň ol seni özünden aňsat daşlaşdyrmaýar.

Teatryň goýnuna çolaşyp, şonuň ömürlik ýoldaşy bolan artistleriň biri hem häzirki wagtda ýetmiş ýaşy arka atan sahna ussady Muhammetgurban Nazzyýewdir.Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Goňur obasynda 1950-nji ýylyň 10-njy noýabrynda dünýä inen Muhammetgurban Nazzyýew, welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda tas ýarym asyra golaý wagtdan bäri zähmet çekip gelýär.

Biz hem halypalyga ýeten artistiň bu ugurda geçen ýoluna ser salyp oňa birnäçe sowallary berdik.

Muhammetgurban, artistlik ýoluna düşüşiňiz baradaky gürrüňler bilen

söhbedimize başlaýalyň?

Artist bolmaga bolan höwesimden söhbet açmaly bolsam, heniz mekdepde okan ýyllarymdan başlamaly bolýaryn.Biziň mekdep ýyllarymyzda, ýagny geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda her ýylda ilki obalarda, soň etraplarda, welaýatlarda, paýtagtymyzda aýdym-saz, çeper okaýyş, tans ýaly ugurlardan gatyşdyrylyp festiwallar geçirilerdi.

Sungata höwesek oglan-gyzlar mekdep döwürlerinde sahna çykyp, oýunlardan bölekleri oýnardylar, many-mazmunly goşgulary labyzly okap, bäsleşiklere gatnaşardylar.

Bizem mekdepdäki drama gurnagyna gatnaşypdyk.Obamyza gelýän uly artistleriň sahna oýunlaryna seredip, şolara meňzejek bolardyk. 1966-njy ýylda mekdebi tamamlap Aşgabadyň politehnikumyna okuwa girdim.Ol ýerde aýdym-saz, aýak oýny, drama ugurdan gurnaklar bardy. Şol gurnaklara-da tejribeli hünärmenler ýolbaşçylyk edýärdiler.

Menem şonda drama gurnagyna gatnaşdym.Goýan oýnumyz şowly çykansoň, teleýaýlymda hem çykyş etdik.

Şol okuw mekdebiniň birinji ýylyny gutaryp tomusky dynç alşa obamyza geldim. Şol döwürde goňşy obamyzda dabaralaryň, çäreleriň geçirilýän uly medeniýet öýi bardy.Men şol ýerde ussat tansçy Elýas Mämmedowden tans etmegi öwrendim. Şol döwürde, ýagny 1967-nji ýylda Alkyş aýdymlary atly festiwal geçirildi.

Festiwala Ödenyýaz Nobatow, Han Akyýew, Aman Şamyradow, Amannazar Ataýew ýaly meşhur bagşy-sazandalar bilen bilelikde biziň toparymyz hem gatnaşypdy.

Politehnikumda bir ýyl okanam bolsam, sungatyň jadylaýjy güýji meni özüne ymykly çekýärdi. Şeýlelikde, bu ugurdan çynlakaý hereket etmegi ýüregime düwdüm, Politehnikumy bir gapdala goýup, 1967-nji ýylda ýurdumyza belli Mollanepes adyndaky drama teatrynyň garamagyndaky üç ýyllyk studiýa okuwa girdim.

Ol ýerde bize sahna ussatlary Aman Gulmämmedow, Begi Suhanow, Çary Mommadow, Nurmuhammet Keşşikow, Durdymämmet Oraýew, Aman Gurbandurdyýew dagylar sapak berdiler.Okuwy gutaran ýylym harby gulluga çagyryldym. 197072-nji ýyllarda goşun gullugynda bolan wagtym hem esgerlere ýörite hyzmat edýän medeni toparyň agzalary bilen halkyň, esgerleriň öňünde konsertleri, çykyşlary guradyk.

Harby gullugy tamamlap gelenimden soň 1972-nji ýylda Kemine adyndaky döwlet drama teatryna işe geldim.

Teatrdaky ilkinji keşbiňiz barada söz açaýsaňyz?

Şol wagtlar teatrda Abdylla (Bally) Ýakubow oýun goýýardy. Maňa-da ol jogapkärli keşpleriň birini — T. Taganowyň Gömülgen oýnundaky Aýdogdynyň keşbini ynandy. Ol synag üçin oýnuň iň kyn sahnasyny janlandyrmagy tabşyrdy. Men synagdan şowly geçdim. Ine, şol hem meniň oýnan ilkinji keşbim bolupdy.

Has şowly çykan keşpleriňiz barada bilmek okyjylar üçin gyzykly bolardy?

Men, dogrusy, teatrda onlarça keşpleri ýerine ýetirdim. Şolaryň arasyndan şowly çykan keşplerimiň biri Göroglynyň Öwez öýlenen şahasynyň sahnalaşdyrylan bölüminde maňa ynanylan Saňsar babanyň keşbidi.Oýunda meniň Saňsar baba bolup Görogly bilen başa-baş durup gepleşýän ýerim bardy.

Meniň oýnaýan keşbim oýnuň dowamynda diňe şol ýerde görnüp gidýärdi. Şeýle-de bolsa, Saňsar babanyň keşbini täsin hereketler bilen oýnamagym ýerine düşüpdi.Bir gezek şol oýny aşgabatlylara görkezmäge gidenimizde artistlik ugurdan sapak beren mugallymymyz, görnükli halypa artistimiz Aman Gurbandurdyýew oýnumyzy synlap: Mylly aganyň Humaralasynyň töweregine başga bir sazandanyň baryp bilmeýşi ýaly, senem Saňsar babanyň töweregine başga artisti barar ýaly etmänsiň, tüweleme, oýnap bilipsiň diýip baha beripdi.

1996-njy ýylda oýun goýujy Gurban Hotjyýew Han Akyýew bilen Baýram Gurbanowyň ýazan Babagammar oýnuny sahnada goýdy. Şol oýunda maňa il-günüň halamaýan häsiýetlerini özünde jemleýän Weli waswasyň keşbini ynandylar.

Biz ol oýnumyz bilen köp ýerlerde çykyş etdik.Oýnumyzy aşgabatlylaryň öňünde-de görkezipdik. Şol döwürlerde Aşgabatda okap ýören gyzymy hem oýnumyzy görmäge çagyrypdym.Oýnumyz tamamlanansoň tomaşaçylaryň käbiri sahna çykyp halaýan gahrymanlaryna gül desselerini gowşurypdylar.

Gyzymam ýany bilen getiren gül dessesini maňa gowşurdy. Özümi oýnan keşbim bilen tomaşaçylara ýagşyja ýigrendirendirin-dä, edil şol pursatda zalyň ortasyndan daýaw aýal maşgalanyň biri ýerinden ör turup: Ol ýigrenjä näme üçin gül berýäň?

diýipdi.

Bir gezek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Aşgabatdaky geçiriljek maslahatyna gabatlap, Gurban Hotjyýewiň režissýorlyk etmeginde Myrat Ömüriň Sargyt oýnuny taýýarladyk.Oýundaky wakalar hakyky ýaşap ýören adamlaryň durmuşyndan alnandy. Şol oýunda Abdyljepbaryň keşbinde oýnadym.

Dünýäniň çar künjünden gelen türkmenler ol oýnumyzy uly tolgunma bilen garşyladylar.Oýundan soň Germaniýadan gelen Abdyljepbar oýundaky öz keşbini tolgunma bilen synlandygyny aýdyp, maňa gül dessesini gowşuryp, öz minnetdarlygyny bildiripdi, öz ýurduna myhmançylyga çagyrypdy.

Uly şahsyýetleri sahnada janlandyraýmak aňsat däl. 2014-nji ýylda belli dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň Mälik şa dramasyny teatryň görnükli režissýorlarynyň biri Ata Gullarow sahnada goýdy. Şonda oýun goýujy maňa dünýä belli alym, şahyr, pelsepeçi Omar Haýýamyň keşbini oýnamagy ynandy.

Onuň keşbini janlandyrmak üçin ençeme kitabyň gatlaryny dörüp, gerekli maglumatlar bilen tanyş bolmaly bolupdym. Şol okan ýerlerimden keşbime degişli gahrymanyň hereketlerini gözläp tapypdym. Şeýlelikde, şol oýnan keşbimem şowly çykan keşpleriň biri bolandyr diýip pikir edýärin.

Umuman, men teatrda işlän döwrümde onlarça keşpleri döretdim.Olardan Ynjamasyn eneleriň ýüreginde Ilhanyň, Wyždanda Hemranyň, Myrryh ýyldyzynyň şuglasynda Gamiriň, Köýten nalasynda Arzynyň, Soňky okda Wepanyň, Bähbit pälwanda Söýüniň, Gyz gaçandada Baýnazaryň, Gar sowgadynda Dumanşanyň, Seljuknamada Mäne babanyň, Öwez öýlenende Saňsar babanyň, Gyratda Patyşanyň, Babagammarda Weli waswasyň, Aldarkösede Aldarkösäniň, Gudratly sungatda weziriň, Dogan doganyň galasynda weziriň, Jelaletdinde Gara Hanjaryň, Sargytda Abdyljepbaryň, Terekede Nepesiň, Altyn sährada toýda Çakanyň, Jennet mukamynda Derwüşiň, Elwan ýaglykly serwimde Aman Žolowyň, Ata pendinde Ak sakgal babanyň keşplerini agzamak bolar.

Sahnada garaşylmadyk ýagdaýyň ýüze çykan pursaty bolupmydy?

Sakarçäge etrabynyň obalarynyň birinde şeýle ýagdaý bolupdy.Işe ilki başlan döwürlerimde, ýagny ýetmişinji ýyllarda Ata Saryýew tarapyndan ýazylan, Abdylla Ýakubowyň sahnada goýan Ukusyz gijeler oýnuny oba adamlarynyň öňünde görkezýärdik.

Men oba şurasynyň keşbinde çykyş edýärdim.Oýunda galtamanlar bilen başa-baş urşulýan ýeri bardy.Meniň bir galtamanyň üstüne hopba bolup, hereket etmeli ýerim bardy.Nätakyk eden hereketim sebäpli galtamanyň elindäki pyçagyň ujy goşarymdan çümdi.

Edil şol pursatda zalda oturan tomaşaçylaryň dilinden Bä-ä, artistler hakyky ýaly edip oýnaýarlar-aýt diýen jümläni eşidipdim.

Maşgala durmuşyňyz bilen hem tanyşdyraýsaňyz?

Meniň bir oglum, üç gyzym bar.

Olaryň hemmesi ýokary bilimli.Men döwrümize, öz maşgalamyzyň bagtyna guwanyp ýaşaýaryn.Ynandyryjy, çuň häsiýetli keşpleri sahnada janlandyrmak üçin elimden gelenini edip zähmet çekip ýörün.Iş edişiňe seredip döwletimiz sylagyňy-da ýetirýär. 1998-nji ýylda Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen, 2016-njy ýylda bolsa Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy medaly bilen sylaglandym.

Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly ada hem 2009-njy ýylda mynasyp boldum.Biz Gahryman Arkadagymyzyň gurup beren bagtyýarlyk zamanasynda ýaşaýarys.Teatrlar sungatynyň milli binýadyny berkitmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýärin!

Söhbetdeş bolan

Baýramdurdy Myradow, halypa mugallym.

The post Teatr onuň ömürlik hemrasy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Ynsan kalbyna barýan ýollar
Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna Agza Ýurtlar Maltada Duşuşar
Hakan Fidan müsürli kärdeşi Abdulati bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy