Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda bagtyýar halkymyzyň milli medeniýetiniň naýbaşy nusgalarynyň dünýäde ykrar edilmeginiň, medeniýet we sungat nesilleriniň zehin-ukybynyň gülläp açylmagynyň ajaýyp eýýamynyň daňyny atyrdy.Garaşsyz ýurdumyzda gurmaga hem döretmäge esaslanýan döwlet syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, şonuň bilen bir hatarda teatr sungatyny ösdürmekde asyrlara ýaň saljak işler amala aşyrylýar.
Döwletimizde halk hojalygynyň we medeni-durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda gazanylýan beýik zähmet ýeňişleri halkymyzyň medeni, aň-bilim derejesiniň has-da ösmegine, häzirki zaman teatr sungatymyzy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga, tomaşaçylaryň ösen ruhy isleginden ugur alýan sahna eserlerini döretmäge giň mümkinçilikler açýar.
Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019—2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda, medeniýet ulgamynyň, şonuň bilen bir hatarda teatrlaryň işini düýpli ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.Häzirki döwürde teatrlara sanly ulgamy, elektron petekleri ornaşdyrmak we beýleki elektron we internet hyzmatlaryny ýola goýmak, teatr işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda täze we has netijeli iş usul-tärleri giňden ornaşdyrylýar.
Munuň özi, jemgyýetimiziň häzirkizaman ösüşinde milli teatr sungatymyzyň tutýan ornuny has-da ýokarlandyrýar.Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň binalarynyň durky täzelendi.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry, Alp Arslan adyndaky milli drama teatry, Türkmen döwlet gurjak teatry, şeýle hem welaýat teatrlarynyň täze binalary gurlup ulanylmaga berildi. Şeýlelik-de, häzirki wagtda teatrlaryň jemi 10-sy hereket edip, olaryň 6-sy paýtagtymyzda, galan 4-si bolsa ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde ýerleşýär.
Welaýat merkezlerinde gurlan Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň, Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň, Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň ak mermerli binalarynyň her biri özboluşly binagärlik çözgüdine eýe bolup, welaýat merkezleriniň binagärlik görküne ajaýyp gözellik nuruny çaýýar.
Ak mermere beslenen kaşaň binaly bu teatrlaryň ählisi dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar, döwrebap tehniki serişdeler ornaşdyrylyp, olarda ilhalar eserleri döretmäge ähli zerur mümkinçilikler üpjün edilendir.Teatr janly dünýä, teatr jadyly sungat.
Onda adamzat ýaşaýşynyň gözbaşlaryndan başlap, biziň bagtyýarlyk döwrümize çenli asyrlary we nesilleri baglanyşdyrýan gymmatlyklarymyz çeper keşpleriň üsti bilen janlanýar. Ümmülmez ummany ýatladýan dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan teatr sungaty dünýä halklarynyň ruhy dünýäsiniň özboluşlylyklaryny özünde jemleýär.
Sahnalaşdyrylýan eserler bu günki gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşleriň ýoly bilen öňe — beýik geljege barýandygyny alamatlandyrýar we jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar, belent maksatlara ruhlandyrýar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.
Olar geçmiş bilen geljegiň arasyndaky ruhy köpri bolup hyzmat edýär.Köp asyrlyk milli medeniýetimiziň dünýä medeniýetine goşan ummasyz goşantlaryny açyp görkezýär, türkmen sungatynyň dünýä teatrynyň ösüşindäki ornuny aýdyň kesgitleýär.
Teatr sungaty ähli döwürlerde bolşy ýaly, biziň günlerimizde hem halklary dostlaşdyrmagy-doganlaşdyrmagy dowam edýär.Teatrlaryň sahnasynda Oguz han, Görogly beg, Gorkut ata, Magtymguly Pyragy, Ärsak şa, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälikşa, Soltan Sanjar, Jelaleddin Soltan, Seýitnazar Seýdi, Mollanepes, Tumarşa, Törebeg hanym, Agaýunus peri ýaly tanymal şahsyýetlerimiziň keşpleriniň janlandyrylmagy, päk söýginiň gudraty bilen päsgelçilikleri ýeňip, magşugyna gowşan ýedi aşygyň şanyna düzülen ýedi dessanyň esasynda operalar döredilmegi dünýä halklarynyň şan-şöhratly taryhymyz we köp öwüşginli medeniýetimiz bilen ýakyndan tanyşmagyna giň mümkinçilikleri açýar.
Munuň özi, müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, kämillik derejesine ýetirilen baý medeni däplerimize, parasatly pederlerimizden miras galan kämil edep-ahlak kadalaryna, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerine ygrarlylygyny Zemin içre dabaralandyrýar.Munuň özi, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerimiziň gözbaşy hökmünde nusgalyk medeni baýlyklarymyzy dünýä ýaýmaga, ýokary derejeli täze halkara gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam berýär.
Paýtagtymyz Aşgabatda yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrülen Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly halkara festiwalynda gazanylýan netijeler munuň aýdyň subutnamasydyr.Halkara teatr festiwallarynyň ýurdumyzyň medeni syýasatynyň rowaçlyklaryny dünýä ýaýmakda, eziz Watanymyzyň häzirki zaman medeni-ruhy ösüşlerini şöhlelendirmekde, milli sungatymyzyň dünýäniň teatr sungatynda öz ornuny äşgär görkezmekde we olaryň bu ugurda tejribe toplamagynda ähmiýeti uludyr. Şeýle halkara çäreleri täze ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, teatr işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda wajypdyr. Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik zähmet ýeňişlerini, halkymyzyň şöhratly ogullarynyň we zenanlarynyň edermenliklerini, milli buýsanjymyza öwrülen dünýä nusgalyk medeni baýlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy çeper keşpleriň üsti bilen açyp görkezmekde gazanylýan üstünlikleriň sakasynda Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä içre dabaralanýan medeni syýasaty dur.
Agamyrat BALTAÝEW