TDLU-nyň ylmy-elektron žurnaly dörediler

TDLU-nyň ylmy-elektron žurnaly dörediler

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň "Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar" atly ylmy-elektron žurnalyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün --- 29-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, teklip edilýän ylmy žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde, ýylda iki gezek elektron görnüşinde, internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek meýilleşdirilýär.

Žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarynyň, lukmanlarynyň hem-de alymlarynyň bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş, melhemçilik işleriniň nazary-amaly meselelerine bagyşlanan makalalary ýerleşdirilip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň lukmançylyk diplomatiýasy boýunça kesgitlän wezipelerine, ýurtda saglygy goraýşy kämilleşdirmekde ýetilen sepgitlere, bu ugurda halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen üstünliklere, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk ylmyndaky täzeliklere aýratyn orun berler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň "Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar" atly ylmy-elektron žurnalyny döretmek baradaky teklibi goldaýandygyny aýtdy we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar atly ylmy elektron žurnal dörediler
Döwrebap hukuk özgertmeleri amala aşyrylýar
ÝOJ-lara kabul edilen talyplaryň biometriki pasportlary ellerinden alynýar
Balkanyň býujet işgärleriniň biometriki pasportlary ellerinden alynýar
Türkmenistanda ýakyn günlerde täze saglygy goraýyş desgalary açylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi