TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda energetika, ulag we suw diplomatiýasy boýunça guralan internet olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglanyldy

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda energetika, ulag we suw diplomatiýasy boýunça guralan internet olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglanyldy

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça guralan internet olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berýär.

Internet olimpiadasyna Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleriniň 11-sinden talyplaryň 120-den gowragy gatnaşdy.

Ýaryşda birinji orna 8 sany gatnaşyjy mynasyp bolup, olaryň ählisi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarydyr:

Abdyleziz Saryýew,

Enejan Açilowa,

Serwi Nuryýewa,

Saida Halmamatowa,

Begli Ataýew,

Kemal Annagurbanow,

Amangül Nurjanowa,

Derkarberdi Orazberdiýew.

Internet olimpiadasynda 7 sany gatnaşyjy ikinji orna mynasyp boldy. Olaryň 6-sy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, ýene biri bolsa Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Üçünji orna bolsa 41 talyp mynasyp boldy.

Internet olimpiadasynyň ýeňijilerine we baýrakly orunlary eýelänlere guramaçylar tarapyndan degişli derejelerdäki diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle-de, 41 sany talyp höweslendiriji baýraklara laýyk görüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Hançjoudaky Aziýa oýunlaryna gatnaşjak düzümi belli boldy
Diňle: Açylowa türkmen hökümetini öz ýoluny baglap, zor bilen hassahana ýerleşdirmekde aýyplaýar