Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda onlaýn duşuşygy geçirildi.
Oňa iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory G.Ýusupowa we Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy-pedagogiki işleri boýunça müdiriniň orunbasary I.A.Mingazutdinow we beýlekiler gatnaşdylar.
Duşuşygyň başynda taraplar bu ýokary okuw mekdepleriniň alyp barýan ylym-bilim, okuw-terbiýeçilik işleri bilen özara tanyşdylar. Maslahatyň dowamynda geljekde okuw maslahatlaryny bilelikde guramak, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, akademiki çärelere gatnaşmak üçin özara çakylyklary, makalalary, okuw we görkezme gollanmalaryny, okuw maksatnamalaryny alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.