Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) sentýabr aýynda geçirilen söwda amallary geçen aýlar bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarlandy. Birža söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 199 million 230 müň 846,75 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň kuwwatyny we halkara söwdadaky berk ornuny görkezýär.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda iň köp satylýan haryt toparlarynyň arasyndaky nebit-himiýa we dokma önümleri sentýabr aýynda öňdebaryjylygy eýeledi.Birža söwdalarynda nebit-himiýa önümleriniň bir bölegi hökmünde TC-1 uçar kerosini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy, KT-2 kysymly tehniki kerosin, az kükürtli ýangyç mazudy we suwuklandyrylan gaz satyldy.
Satylan bu önümleriň jemi bahasy 138 million 595 müň 212,5 ABŞ dollaryna deň boldy. Şeýle hem sentýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda satylan dokma önümleriniň umumy bahasy 19 million 298 müň 438 ABŞ dollaryna barabar boldy.
Eksportda nebit-himiýa önümleri öňdebaryjylygy eýeleýär
Nebit-himiýa önümleri Türkmenistanyň eksportynyň esasy böleginiň biri bolup, bu önümler ýurduň ykdysadyýeti üçin möhümdir. TDHÇMB-da sentýabr aýynda nebithimiýa önümleriniň satuwynda ep-esli ösüş bolup, bu görkeziji geçen aýlar bilen deňeşdirilende 20 göterimden gowrak artdy.
Dokma önümleri bäsdeşlige ukyply bolmaklygyna galýar
Şeýle hem dokma önümleri Türkmenistanyň eksportynyň wajyp önümleriniň toparyna girýär. Sentýabr aýynda amala aşyrylan dokma önümleriniň söwdalary şu ýylyň geçen aýlary bilen deňeşdirilende 10 göterim ýokarlandy.
Türkmenistanyň söwdasy geljekde hem öser
2023-nji ýylyň sentýabr aýynda TDHÇMB-da baglaşylan geleşikleriň umumy möçberi öňki aýlar bilen deňeşdirilende ep-esli artdy. Bu bolsa Türkmenistanda söwdanyň çalt depginde ösýändigini we ýurduň halkara söwda ulgamynda ornunyň barha güýçlenýändigini görkezýär.
Türkmenistan halkara söwda ulgamynda durnukly ornuny saklamak we ösdürmek ugrunda degişli işleri alyp barýar. Ýurduň amatly geostrategiki ýerleşişiniň we baý tebigy baýlyklarynyň bolmagy sebäpli bu ýerde geljekde söwdanyň artmagyna garaşylýar.
Şu ýylyň sentýabr aýy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwda işjeňliginiň iň netijeli aýlarynyň birine öwrüldi. Nebit-himiýa we dokma önümlerini goşmak bilen söwdalardaky önümleriň köpdürlüligi ýurduň ykdysady dürlüligini, senagat önümçiliginiň mümkinçiligini we halkara söwdaky güýçli ornuny görkezýär. Söwdalaryň möçberiniň ýokary bolmagy Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň we geljekdäki söwda mümkinçilikleriniň has hem artjakdygyny subut edýär.
Nurmyrat Mommaýew,
Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty