TDHÇMB: Owganystanyň işewürleri suwuklandyrylan gaza uly isleg bildirdiler

TDHÇMB: Owganystanyň işewürleri suwuklandyrylan gaza uly isleg bildirdiler

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarda Owganystanyň işewürleri jemi bahasy 4 million 851 müň ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Türkiýeden gelen işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen "B" kysymly karbamidi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 1 million 400 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Şeýle hem Serbiýaly işewürler buýan köküniň goýy ekstraktyny, guradylan arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny we buýan köküniň gury ekstraktyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Birža söwdalarynda baglaşylan bu geleşikleriň jemi bahasy 1 million 377 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 45 million 320 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 15 million dollar golaý geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy