Çarşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçirilen söwdalaşyklarda 36 million 925 müň ABŞ dollarlyk az kükürtli ýanyjy mazudy satyn almaga geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
“Türkmennebit” DK-niň önümçilik düzümlerinde öndürilen önüm Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan satyn alyndy.
BAE-niň işewürleri şeýle hem umumy bahasy 192,154 müň dollar bolan el halylaryny we nah ýüplügini satyn aldylar.
Ýerli telekeçiler 3 million 200 müň manada içerki bazar üçin “TPP D 30 S” görnüşli polipropileni we “SN-600” görnüşli esaslyk ýagy satyn aldylar.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
X: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан