TDHÇMB-däki geleşiklerde nebit ýol bitumyna uly isleg bildirildi

TDHÇMB-däki geleşiklerde nebit ýol bitumyna uly isleg bildirildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe günündäki söwdalaşyklarynda 25 million manada barabar bolan “BND 60/90” kysymly ýelmeşýän nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Söwdalaşyklaryň barşynda Owganystanyň, Özbegistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 1 million 693 müň 750 ABŞ dollaryna deň bolan kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Gyrgyzystanyň işewürleri 68 müň 917,2 ABŞ dollarlyk nah mata satyn almaga geleşik baglaşdylar.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler 30 müň 916,416 manatlyk el haly we 3,100 million manatlyk düz aýna satyn aldylar.

1994-nji ýylda döredilen TDÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB: Daşary ýurtly işewürler suwuklandyrylan gaz, bitum satyn aldylar
Türkiýe we Birleşen Arap Emirlikleri nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça Türkmennebit bilen geleşik baglaşdy
B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sergi açyldy
Litwa Russiýanyň Baltika sebitinde ýadro ýaragynyň bardygyny habar berdi
Halkara zenanlar güni mynasybetli Mähribanlygyň we gözelligiň baýramy“ atly çagalaryň surat eserleriniň bäsleşigi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA...