TDHÇMB-da sişenbe güni 50 müň tonna ECO-93 awtoulag benzini satyldy

TDHÇMB-da sişenbe güni 50 müň tonna ECO-93 awtoulag benzini satyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda Owganystanyň işewürleri ECO-93 kysymly awtoulag benzininiň 50 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Owganystandan gelen telekeçileriň satyn alan ECO-93 kysymly awtoulag benzininiň bir tonnasy 735 ABŞ dollaryna deň bolup, baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 36 million 750 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Azerbaýjanyň, BAE-niň we Gyrgyz Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 1 million 17 müň 723 ABŞ dollaryna deň bolan tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini, dürli ölçegli düz boýalan we sütükli önümleri hem-de “gabardin” matasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 40 million 791 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Birža täzelikleri
Türkmenistan ECOSOC Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
Dekabr 2023: TDHÇMB-daky eksport söwdalarynyň umumy möçberi $155 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň 9-njy noýabrda Özbegistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri
Türkmenistanyň wekiliýeti YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlandy
Türkmen işewürleri Tähranda geçiriljek ilkinji ECOTEX sergisine gatnaşmaga çagyrylýar