TDHÇMB-da nebit koksy we "EKO-5" dizel ýangyjy arzanladyldy

TDHÇMB-da nebit koksy we "EKO-5" dizel ýangyjy arzanladyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda, satyjynyň teklibi bilen, şenbe güni koksuň we dizel ýangyjynyň bahalary arzanladyldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň teklibi bilen, jemleýji nebit koksunyň bir tonnasynyň bahasy 685 ABŞ dollaryndan 600 ABŞ dollaryna düşürildi. Gyzdyrylan nebit koksunyň bir tonnasynyň bahasy bolsa, 1020 ABŞ dollaryndan 900 ABŞ dollaryna getirildi.

TDHÇMB-da satuwa çykarylan jemleýji nebit koksunyň jemi möçberi 5 müň tonna, gyzdyrylan nebit koksunyň jemi möçberi bolsa 3 müň tonna bolup, önümler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilendir.

"EKO-5" (sort-ABC) markaly gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň bahasy hem arzanladylyp, "Platts" baha aňlatmasy boýunça "FOB Italy" setiri "ULSD 10ppm" goşulan 201 ABŞ dollaryndan 60 ABŞ dollary möçberinde arzanladyş bellenildi. Önümiň bir tonnasynyň bahasynyň aşaky çägi 300 ABŞ dollaryna barabardyr.

"EKO-5" (sort-ABC) markaly gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň nokady TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy bolup, önümiň birža söwdalaryna çykarylan möçberi 5 müň tonnadyr.

Geleşiklerde önümler “FCA Incoterms” şerti bilen iberilip, olar üçin tölegi öňünden etmek bellenendir.

Ýene degişli makalalar

13-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Mozambik uglerody azaldandygy üçin 6,4 million dollar töleg aldy
TDHÇMB-de satuwa çykarylan polipropilen bir günde doly satyldy
SpaceX täjirçilik awiakompaniýalarynyň ýolagçylaryna hemra internetini hödürlemegi meýilleşdirýär
Wodorod ýangyçly Hyundai Nexo geçen ýoly boýunça täze dünýä rekordyny goýdy
TNGIZT 770 müň tonnadan gowrak nebiti gaýtadan işledi