TDHÇMB-da eksport geleşikleri $14 milliona golaýlady

TDHÇMB-da eksport geleşikleri $14 milliona golaýlady

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 13 million 872 müň 920 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen TPP D 30 S kysymly polipropileni we SN-180 kysymly başlangyç ýagy satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 13 million 505 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçi umumy bahasy 300 müň 80 ABŞ dollaryna deň bolan guradylan, arassalanmadyk buýan kökini we kök baldaklaryny, Türkiýeden gelen işewür bolsa jemi bahasy 67 müň 840 ABŞ dollaryna barabar bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Içerki bazar üçin türkmen telekeçisi “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen TPP D 382 BF kysymly polipropileni satyn aldy. Geleşikleriň umumy bahasy 1 million 250 müň manada deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 44 million 563 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-da duşenbe güni eksport geleşikleri $27 milliona golaýlady
Birža söwdalarynda "B" kysymly karbamid eksport edildi
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $18 milliona golaýlady
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $29,5 milliondan geçdi
TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $18,2 milliondan geçdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 22.05.2023