TDHÇMB-da duşenbe güni eksport geleşikleri $27 milliona golaýlady

TDHÇMB-da duşenbe güni eksport geleşikleri $27 milliona golaýlady

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 26 million 905 müň 121,2 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Türkiýäniň işewürleri jemi bahasy 13 million ABŞ dollaryna deň bolan TPP D382 BF kysymly polipropileni satyn aldylar. Birža söwdalarynda satylan bu görnüşli polipropilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Owganystanly telekeçiler SN-600 kysymly başlangyç ýagy we A4009 MFN 1325 markaly polietilenden öndürilen, 10 litrlik bedre satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Geleşikleriň umumy bahasy 13 million 450 müň 231,2 ABŞ dollaryna deň boldy.

Şeýle hem Gyrgyz Respublikasyndan gelen işewürler jemi bahasy 454 müň 890 ABŞ dollaryna barabar bolan nah ýüplügini we çig ranforse matany satyn aldylar.

Içerki bazar üçin türkmen telekeçileri Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen düz aýna satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 548 müň 899.2 manada deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 64 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Ýene degişli makalalar

Mohammad Faýazi ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesini tamamlady
Türkmen kompaniýalary “F-Istanbul” sergisine gatnaşarlar
02.10.2017 | Türkmenistan we Russiýa medeniýet, ylym we bilim ugurlaryndaky gatnaşyklaryň giňemegi boýunça maksatnamalary pugtalandyrdylar
Türkmenistan we Russiýa ynsanperwer ugurlary boýunça gatnaşyklary giňledýärler
02.10.2017 | Türkmenistan we Russiýa strategiki hyzmatdaşlyk hakynda şertnama baglaşdylar
Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi