TDHÇMB-da anna güni jemi 68,5 million manatlyk pagta önümi satyldy

TDHÇMB-da anna güni jemi 68,5 million manatlyk pagta önümi satyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni milli manatda geçiren söwdalarynda jemi bahasy 68 million 525 müň 288 manada barabar bolan pagta übtügi satyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Birža söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmenpagta” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen el halysyny satyn aldylar. Bu söwdalarda baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 35 müň manatdan geçdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 38 million 469 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 37 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Türkmenistan we Özbegistan serhetden geçiş mümkinçiligini giňeltmekçi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 38 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-da duşenbe güni eksport geleşikleri $27 milliona golaýlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny