TDHÇMB-da anna güni geleşikler 495 million manada golaýlady

TDHÇMB-da anna güni geleşikler 495 million manada golaýlady

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni milli manatda geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 494 million 47 müň 317 manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler “А” kysymly tehniki ýody satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 466 million 840 müň manada deň boldy.

Türkmen işewürleri jemi bahasy 4 million 650 müň manada deň bolan başlangyç ýagyny we umumy bahasy 22 million 507 müň 500 manada barabar bolan tehniki gurumy satyn aldylar.

Şeýle hem türkmen telekeçileri jemi bahasy 49 müň 817 manada deň bolan türkmen el halysyny satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri ýassyk daşyny, iki adamlyk düşekçe üsti prostyny, ýatyş matrasy üçin lastik rezinli çeholy, taýýar düşekçe toplumyny, nah mata, dürli ölçegli, orta öwüşginli boýalan sütükli önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 980 müň 224 ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $24 milliona golaýlady
TDHÇMB-da duşenbe güni eksport geleşikleri $27 milliona golaýlady
Iýun II hepde: TDHÇMB-da geleşikler 537 million manatdan geçdi
TDHÇMB-da duşenbe güni jemi 62,6 million manatlyk geleşik baglaşyldy
Owganystanly işewür $10,9 millionlyk mazut satyn aldy
TDHÇMB-däki geleşiklerde nebit ýol bitumyna uly isleg bildirildi