
Ýadygärlik metal pullar 6-njy noýabrda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň 11-nji sammitinde Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan döwlet baştutanlaryna sowgat berildi.
Puluň öň tarapynda TDG-nyň logotipi we töwereginde sekiz burçly Seljukly ýyldyzy bar, çüňkleri bolsa TDG-nyň gymmatlyklaryna wekilçilik edýär.
Arky tarapynda bolsa TDG-niň agza döwletleriniň baýdaklary we "Dilde, pikirde, işde birlik" sözlemi bolan ýadygärlik metal pul, bürünç metalyň üstüne basylyp, 900 lira satuwa çykaryldy we 5 müň sany öndürildi.
Ýadygärlik metal puluň dolanşykda bolmak döwri 7-nji noýabrdan başlap 2 ýyl hökmünde kesgitlenildi.