TDG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

TDG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) 10-njy ýubileý sammitiniň öňüsyrasynda anna güni Astana şäherinde guramanyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu barada Gazagystanyň daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Mejlise Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Wengriýanyň, Türkmenistanyň daşary işler ministrleri, şeýle hem TDG-nyň, TürkPa-nyň we TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlary, Türki akademiýanyň, Türki medeniýetiň we mirasynyň gaznasynyň, Türki maýa goýum gaznasynyň prezidentleri, guramanyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda TDG-nyň döwlet Baştutanlarynyň öňde boljak sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşylyp, onuň çäklerinde kabul ediljek resminamalaryň iň soňky taslamalary tassyklanyldy.

Türki döwletleriň guramasy Gazagystanyň başlangyjy boýunça 2009-njy ýylda Azerbaýjanyň Nahçywan şäherinde bolan duşuşygyň dowamynda esaslandyryldy. TDG-nyň Sekretariaty Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşip, bu gurama Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan agzadyr. Türkmenistan we Wengriýa gurama synçy döwlet hökmünde gatnaşýarlar.

Türki döwletleriň guramasynyň 10-njy sammiti anna güni Astana şäherinde Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirildi. Sammitiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri özüniň çykyşynda Türkmenistanyň Türkiýe we Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlykda tebigy gazy Hazar deňzi arkaly ibermek meseleleriniň ýakyn geljekde çözüljekdigine umyt bildirýändigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşy
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarý
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ PÄHIM-PAÝHAS WE DÖREDIJILIK MIRASY-UMUMADAMZAT GYMMATLYGY