TDG-niň Aksakgallar geňeşi Gurbanguly Berdimuhamedowy Budapeştde boljak mejlise çagyrdy

TDG-niň Aksakgallar geňeşi Gurbanguly Berdimuhamedowy Budapeştde boljak mejlise çagyrdy

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu Geňeşiň Budapeştde geçiriljek 16-njy mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, çakylyk Binali Ýyldyrym bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen telefon gepleşigiň dowamynda beýan edildi.

B.Ýyldyrym şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň Prezidentine öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny nygtadylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Geňeşiň öňde boljak mejlisinde garaljak meseleleriň türki ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge şert döretjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Binali Ýyldyrymy dekabr aýynda Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Telefon söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Hökümetçi neşirler daşary ýurtlarda bolup geçýän 'negatiw wakalara' ýygy-ýygydan ünsi çekip başlady
Elektron wizalar, Türkiýede durmuş guran aýallara ýurtdan çykmaga rugsat berilmegi oňyn ädim synçy
Türkmenistan döwlet emlägine degişli 43 desgany bäsleşikli söwda çykardy
Italiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary Türkmenistana sapar ederler
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda BAE-niň energetika ministrini kabul etdi