Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasynyň metbugat merkezinden berilen beýanata görä, maslahata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiyäniň we Türkmenistanyň baş prokurorlary bilen Halkara Prokurorlar bileleşiginiň wekili gatnaşdy.
Baş prokurorlar: "Döwrebap global kynçylyklara täsirli ýagdaýda jogap bermek üçin Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň baş prokurorlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi" temaly çykyşlar ýerine ýetirdiler.
Maslahatda halkara jenaýatlar, terrorizm we kiber jenaýatlar bilen birlikde global howplara garşy bilelikdäki hereketler bilen bagly täsirleşme we strategiýalar ýaly ugurlaryň üstünde durulyp geçildi.
Maslahat hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi we döwrebap kynçylyklara jogap bermek taýarlygynyň artdyrylmagy bilen bagly kesgitli ädimleri we umumy tagallalary öz düzüminde jemleýän jarnama gol çekmek bilen tamamlandy.