TBMM-nyň başlygy Kot-d'Iwuarly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

TBMM-nyň başlygy Kot-d'Iwuarly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

TBMM-nyň Başlygy Numan Kurtulmuş Ženewa halkara konferensiýa merkezinde Parlamentara Bileleşiginiň 149-njy baş geňeşiniň çäklerindäki duşuşykda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Bileleşiginiň 4-nji martda Abijanda geçirilen 18-nji maslahatyndan bäri Palestina meselesi we sebitdäki meseleleriň barha erbetleşýändigini aýtdy.

Ysraýylyň hüjümlerinde 50 müňden gowrak palestinliniň şehit bolandygyny aýdan Numan Kurtulmuş, "Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin we toparynyň" urşy Liwana, Siriýa we Eýrana ýaýratmak üçin hereket edýändigini beýan etdi.

Ysraýylyň sebitdäki bu hüjümleriniň tutuş dünýäniň meselesine öwrülendigini, "Netanýahu we topary" duruzylyp bilinmese, dünýäde hiç bir zalym güýjüň saklanmagynyň mümkin bolmajakdygyny aýdan Numan Kurtulmuş, bu babatda ähli Yslam ýurtlarynyň has ýakyn hyzmatdaşlykda bolmalydygyny mälim etdi.

Türkiye bilen Kot-d'Iwuar döwletleriniň arasyndaky gowy gatnaşyklaryň bardygyny we olaryň ösüş mümkinçiligini görkezýändigini aýdan Numan Kurtulmuş, aralyk uzak bolsada, Kot-d'Iwuaryň halky bilen türk halkynyň doganlyk gatnaşyklarynyň güýçlidigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Netanýahu Asylyp Öldürilmeli”
17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Sportuň taryhynda şu gün 5-nji awgust